13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

WTI-niň Bahalary Taryhy Minusa Düşmeden Soňra Ýene-de Položitel Ýagdaýda Geldi

«WTI» söwda belgili nebitiň bahalary sişenbe güni barreli üçin 1,5 dollara galdy. Öňküsi gün onuň bahasy otrisatel görkezijä düşüpdi. Şol bir wagtda «Brent» söwda belgili nebit 25 dollardan satylýar, diýip Interfaks habar berýär.

Sişenbe güni WTI-niň maýdaky fýuçersleri soňky gün satylýar.

Şol bir wagtda WTI-niň iýun aýyndaky şertnamalary 8 göterim gymmatlap, 22 dollardan ýokarda bahalandyrylýar.

Duşenbe güni pursatlaryň birinde bahalar minus 40,32 dollara düşüpdi. Otrisatel baha şertnamalar ýerine ýetirilmezinden öň, nebitiň eýeleri ony saklamak üçin ýerleriň ýiti ýetmezçiligi şertlerinde çig maldan dynmak üçin ony satyn alyjylara tölemeli bolýandygy bilen düşündirilýär.

Bahalaryň otrisatel tarapa düşmegi şeýle hem nebit bazaryndaky umumy çökgünlik bilen düşündirilýär, bu bazarda häzirki wagtda teklibiň rekord dereje artmagyna gözegçilik edilýär. OPEC+ ýurtlary tarapyndan yglan edilen çäklendirme bolsa, heniz hem başlamady. ABŞ-da saklamak üçin boş ammarlaryň bolmazlygy bahalara ýaramaz täsir etmegini mundan beýläk hem dowam eder. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, Kuşingdäki rezerwuarlar maýyň birinji hepdesinde dolulygyna doldurylar.

Citi-niň analitikleri nebiti saklamak boýunça ýagdaýlar dünýä boýunça mundan beýläk hem ýaramazlaşar diýip çaklaýarlar, Brentiň bahalary hem WTI-niňki ýaly aşaklar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duşenbe güni belleýşi ýaly, bahalaryň pese düşmegi — «gysga wagtlaýyn hadysa» we nebitiň bahalary «çen bilen bir aýdan soň, 25-28 dollar töwereginde bolar».

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Paýtagtymyzda Her Biri 240 Orunlyk Köp Gatly Awtoduralgalaryň 3-si Ulanmaga Berildi

turkmenhabargullugy

Uzynada Meýdançasyndaky Barlag Guýusynda 6400 Metr Çuňluga Ýetildi

Oguz Hanyň Tagmalary Tapyldy