Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda ýapon medeniýetiniň tanyşdyrylyş günleri geçirildi. Hanym Midori Ýamadanyň alyp barmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Ikebana», ýagny güllerden çemen bogmak sungaty boýunça ussatlyk sapaklary guraldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa milli ýapon geýimi — kimono hem-de ýaponlaryň milli çaý içmek däbi tanyşdyryldy. Medeni çäräniň ýapylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi.
Ikebana «ikeru» we «hana» sözlerinden gelip çykyp, «janly güller» diýmegi aňladýar. Ýapon sungatynyň dünýäde ykrar edilen bu görnüşi VI asyrda ýüze çykyp, XVI-XVII asyrlarda sungat derejesine göterilýär. Ikebana sungaty bilen ilkibaşda imperatoryň maşgalasy meşgullanan bolsa-da, soňabaka samuraýlara — batyr ýapon söweşijilerine we ýönekeý adamlara hem onuň bilen meşgullanmaga rugsat berlipdir. Ikebana çemeni boglanda ulanylýan gülleriň her biriniň özüniň manysy bar. Öý eýesi ikebana çemenini taýýarlamak bilen myhmana ýagşy arzuwlaryny sözsüz beýan edýär.
Ýaponlarda çaý içmek diňe bir teşneligiňi gandyrmak bolman, eýsem, bu halkyň medeniýetiniň biridir. Ol 400 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Çaý XV asyrda ýaponlaryň milli däbine öwrülip başlaýar. Şol wagtlar samuraýlar paýhasyny durlamak üçin çaý demlemek dessurlaryny ýerine ýetirýän ekenler. Bu dessurlar guradylan gök «Matcha» çaýynyň demlenişini öz içine alýar. Çaý myhmanlara hödür edilende, ýaponlaryň milli süýjüligi «Wagashi» hem ýanynda äberilýär.
«Kimono» ýapon dilinden terjime edeniňde, «egin-eşik» diýen manyny berýär, ýöne häzirki wagtlarda bu söz ýaponlaryň milli geýimini atlandyrmak üçin ulanylýar. Kimononyň gymmatynyň artmagy bilen, ene-atalaryň ony maşgala ýadygärligi hökmünde çagalaryna galdyrýan wagtlary hem seýrek bolmandyr. Ýaş aýratynlygyna, maşgala ýagdaýyna, ýylyň möwsümine, gatnaşylýan baýramçylyklara görä, kimononyň reňki we görnüşi üýtgeýär.
— Men Türkmenistana ýapon medeniýetini tanyşdyrmaga we bu ugurda ussatlyk sapaklaryny bermäge birnäçe gezek geldim. Türkmen halkynyň ýapon medeniýetini we ýaşlaryň ýapon dilini öwrenmäge bolan höwesi bizi diýseň begendirýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolanymyzda, talyplaryň ýaponça bilýänini göz öňünde tutup, dabarany ýapon dilinde alyp bardyk. Dostluk köprülerini berkitmekde döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallygymyzy bildirýäris — diýip, Midori Ýamada gürrüň berdi.
Çeşme: metbugat.gov.tm