Aşgabatda Gulbaba adyndaky ýörüte çagalar baýragyny eýelänler mübäreklendi. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden aň-paýhas we döredijilik bäsleşikleriniň, döwlet hem-de halkara derejeli ders olimpiadalarynyň we sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolan zehinli çagalaryň 56-sy mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde olara dabaraly ýagdaýda ýörüte diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Zehinli oglanjyklardyr gyzjagazlary olaryň şatlygyny paýlamaga SSE-sine gelen köpsanly deň-duşlary we ýakynlary gutladylar.
Baýraga mynasyp bolanlaryň hatyrasyna gurnalan baýramçylyk konsertinde tanymal aýdymçylardyr tans toparlary bilen birlikde 2018-nji ýlda Gulbaba adyndaky baýraga mynasyp bolanlar hem çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň gurnaýan çagalar döredijiliginiň bu basleşigi 1991-nji ýyldan bäri geçirilýär. Baýrak gysgajyk ömründe dutar çalyp, bilbil kimin saýran ýaşajyk zehin Gulbabanyň adyny göterýär.
Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden ýaşy 18-e çenli oglanlardyr gyzlar gatnaşýarlar. Ilki etrap we welaýat derejesinde saýlama tapgyrlar geçirilip, olaryň ýeňijileri döwlet bäsleşigine gatnaşýarlar. Şu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyryna baýraga dalaşgärleriň 166-sy gatnaşdy, emin agzalary olardan has tapawutlananlarynyň 56-syny saýladylar. turkmenistan.gov.tm