„Türkmen ertekileriniň dünýäsi“ medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen baýramçylyk çäresine ýörüteleşdirilen çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalaryň iki ýüze golaýy gatnaşdy, olar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan Çagalar gaznasy ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyna hoşmeýil, päk ýürekli adamlary, zähmetkeşler toparlaryny, kompaniýalary we beýlekileri çekýär.
Bu gezekki çäräni „Türkmen ertekileriniň dünýäsi“ ÇMDAM-niň ýolbaşçylary paýtagtymyzyň häkimliginiň ýanyndaky „Aşgabatgurluşyk“ önümçilik birleýigi bilen bilelikde gurnady. „Gujurly nesil“ biim merkeziniň meýletinleri oňa guramaçylyk goldawyny berdiler.
Çagalar birnäçe sagatlap wagtlaryny şadyýan we gyzyky geçdirler. Olar doňdurma iýdiler, hiňňildik uçdylar, attraksionlara bardylar, deň-duşlary bilen söhbetdeş bolup, täze dost-ýar ediniler. Ertekiler şäherçesiniň gowaklarynyň birinde ozaldan gelýän däbe eýerlip giňden ýazylan desterhanda gyzgyn tagamlar, çagalaryň halaýan içgileridir süýji nygmatlar goýuldy.
Baýramyň ahyrynda çagalara sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gramasynyň Çagalar gaznasynyň direktory Aýlar Urazsähedowanyň aýtmagyna görä, ynsanperwerlik çäreleri dowam eder.
Jemgyýetçilik guramasynyň işjeňleri 1-nji iýunda çagasy dünýä inen maşgalalar üçinem sowgat taýýarlapdyrlar. Bagtyýar enelere çagalara gerekli zatlar gowşyrylar.
Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW