13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ýaşlar Syýasaty: Belent Ynam-Ýokary Jogapkärçilik

Bilşimiz ýaly, 26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirdi. Onda döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýagny ýaşlaryň işi, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere seredildi. Şunuň bilen baglanyşykly duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli guralýar. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Mejlisi, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahatda edilen çykyşlaryň käbirini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Mämmetmyrat GELDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň bilim ministri:
— Ylym we bilim, edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, giň dünýägaraýyşlylygyny, medeniýetliligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özenini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň, ýagny okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelere, «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik taýdan sazlaşykly ösüşine, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ykdysadyýetimizi ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge niýetlenilip, bu ugurda ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmegi, giň gözýetimli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimini giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 182-si hereket edýär we olaryň 115-si daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilendir. Täze okuw ýylyndan bolsa olaryň sanyny has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.
Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga hem-de sanlaşdyrmaga alnan ugur ýaşlary takyk we tebigy bilimlere ugrukdyrmagy talap edýär. Ýurdumyzy senagat-tehnologik taýdan ösdürmek, sanly ulgamy döretmek ugrundaky ilkinji işler orta mekdepden başlanýar. Şu maksat bilen ýaşlara fizikany we matematikany düýpli öwretmegimiz, ýaşlaryň ukyp-başarnygyny bu ugra gönükdirmegimiz zerur bolup durýar.
Arkadag Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilýär we onuň netijesinde ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, hünär öwrenýärler, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary döwlet derejesindäki we halkara ders, döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygyndaky taryhy çykyşynda, şeýle hem 26-njy fewralda geçiren maslahatynda milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, milli mirasymyzy, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, wagyz etmek boýunça amala aşyrylmaly möhüm wezipeleri aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýaşlary raýatlyk we watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, tebigy gurşawa, maşgala, Watana söýgi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek duýgularynda terbiýelemegiň örän möhümdigini hem belleýär.
Maşgaladaky asudalyk, agzybirlik hem-de rahatlyk jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir. Maşgala milli gylyk-häsiýetleriň emele gelmeginiň esasyny düzýär, sagdyn ahlagyň, sagdyn edebiň düýbi hem maşgalada tutulýar. Sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde ilkinji borç hem maşgala ojagynyň üstüne düşýär.
Çaga ezizligi, onuň edep-ekramy bilen baglanyşykly parasatly sözleri döreden pähimdar halkymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesine eserdeň garapdyr. Şoňa görä biziň ählimiziň terbiýe meselesine çagalyk döwründen başlap, möhüm ähmiýet bermegimiz zerurdyr. Elbetde, muny mugallym sapak wagtynda hem utgaşdyryp biler, ýöne sapaklardan soňky geçirilýän işler — gurnaklar, synpdan daşary çäreler, belli bir ders esasynda guralýan agşamlar, bäsleşikler, sport çäreleri okuwçylarda okuwa, döredijilige höwesi, söýgini terbiýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzir dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Munuň özi hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görşüň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär. Şu nukdaýnazardan alyp barýan işlerimizi has-da işjeňleşdirmek üçin milli oýunlara aýratyn ähmiýet bermek maksadalaýykdyr. Iň gowy gylyk-häsiýetleri, sagdynlygy, synçylygy terbiýelemäge ýardam edýän oýunlar geçmişde hem, biziň günlerimizde hem halkymyzyň medeniýetli dynç almagy başarandygyna, adama uly hormat goýmagy ýörelge edinendigine güwä geçýär.
Ýaşlary intellektual-akyl hem-de sport başarjaňlygyny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşlerine, şol sanda hereketli milli oýunlara çekmegiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak döwrüň talaby bolup öňe çykýar. Ähli tagallalarymyzy ýaş nesilde beden we ruhy taýdan sagdynlygy utgaşdyrmaga, düşündiriş, aň-bilim işleriniň derejesini hem-de öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris.
Gahryman Arkadagymyz bize öz işlerimizi üstünlikli berjaý etmegimiz, döwrüň talabyna laýyk alyp barmagymyz üçin hemişe gymmatly maslahatlaryny berýär, bu ugurda biziň öňümizde möhüm wezipeleri goýýar.
Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilýän belent sepgitler, gülläp ösüşler, mähriban halkymyzyň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik özgertmeleri üçin Arkadag Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy:
— Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwrenmek, milli mirasymyzyň many-mazmunyny ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek, arassa ahlakly, ylymly-bilimli, watançy nesli kemala getirmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklary, milli ýörelgeleri, däp-dessurlary häzirki döwrüň gazananlary bilen sazlaşykly ösdürilýär. Ýaşlar hakda alada döwletiň geljegi hakda aladadyr.
Ýaşlaryň bilim-terbiýesine bagyşlanan maslahatda hem milli medeniýetimiz bilen bagly halkymyzyň asyrlar boýy gazananlaryny, amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň düýp mazmunyny düşündirmek, ýaşlarymyza gadymy rowaýatlary, şahyrlarymyzyň eserlerini, nusgawy aýdym-sazlary, beýleki medeni gymmatlyklarymyzy ýetirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmagy, ýaşlaryň arasynda milletiň ýeten derejesini, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny wagyz etmek işleriniň güýçlendirilmegi, olary muzeýlere, kitaphanalara, teatrlara we beýleki köpçülikleýin ýerlere, sergilere işjeň çekmek, bedenterbiýäni we sporty mahabatlandyrmak öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip bellemegi ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada ýugrulan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Biz — Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri mundan beýläk hem türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň adalatly syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, türkmen ýaşlaryny ata Watana, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, watançy ýaşlar edip terbiýelemekde mynasyp işleri alyp bararys.
Ýaşlaryň howandary, hormatly döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Gurbanjemal YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty:
— Ýurdumyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watana söýgi, döwre buýsanç, geljege ynam şanly taryhly geçmişden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin her bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini — milli buýsanjyny çuňňur bilmelidir.
Halkymyzyň gymmatly ruhy hazynasy nesilleri terbiýelemekde, olaryň kalbyna watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, mahlasy, belent adamkärçilik duýgularyny ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özleriniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär.
Ata-babalarymyz mukaddes öý-ojagy ezizläp, öz çagalarynyň edepli we terbiýeli, kemally adamlar bolup ýetişmegi ugrunda görelde görkezipdirler. Ähli zady akyl eleginden geçiren pederlerimiz her bir adamyň, oturyp-turşuna, häsiýetine we köpçülikde özüni alyp barşyna mynasyp baha beripdirler. Şeýlelikde, olar çaga terbiýesinde ajaýyp ýol-ýörelgäni miras goýupdyrlar. Çaga edebine aýratyn üns beren halkymyz «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Edebiň ýagşysy — ulyny syla» diýen ýaly nakyllary döredipdir. Nusgawy edebiýatymyzda hem ýaş nesliň terbiýesi çeper beýan edilipdir.
Türkmen şahyrana we şahandaz halk. Her bir maşgalada çaganyň akylly-başly terbiýelenmegi üçin ata-eneler ogul we gyz perzentlerine hüwdüleri, ertekileri, rowaýatlary, matallary, aýdymlary aýdyp beripdirler. Durmuşda arassa, asylly, çalasyn bolmak ýaly oňat häsiýetleri ündew edýän atalar sözlerini, nakyllary, tymsallary ulanyp, öz çagalarynyň gulaklaryny gandyrypdyrlar.
Terbiýäniň gözbaşyny pederlerimiz diliň edebi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Halkymyz «Edep başy — dil» diýýär. Dogrudan-da, edebiň başy dilden başlanýar. Dana şahyr Magtymguly bu babatda «Ýa lal otur, ýa dür saçgyl» diýipdir.
Halkymyzyň gadymy ýol-ýörelgeleri häzirki zaman nesil terbiýesinde hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mekdepdir. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynda bu gadymy ýörelgeler şu günüň möhüm talaplary bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär. Ajaýyp zamanamyzda halkymyzy ýagty ertirlere tarap ynamly alyp barýan mähriban Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Duşenbede Türkmen-Täjik Hökümetara Mejlisi Geçirildi

syrach

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Demir Ýol Ulaglary Pudagynyň Işgärlerine

BİLDİRİŞ

syrach