Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we Türkmenabat şäheriniň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi.
Ylmy iş alyp barýan ýaşlaryň bäsleşigine ýer eýelerinden başga-da Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Energetika, Binagärlik we gurluşyk, Maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Lebap welaýat merkeziniň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň taslamalary-da talyplaryň işlerine bäsdeş bolmagy başardy.
Iki tapgyrda geçen aýgytlaýjy bölege işleriň altmyşdan gowragy saýlandy. Talyplar taslamalaryny professor – mugallymlaryň, okuwçylar- mekdep mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda taýýarladylar. Bäsleşigiň çäklerinde ylmy täzelikler barada özara pikir alşyldy. Önümçiligiň dürli pudaklary üçin interaktiw görnüşde innowasion taslamalar görkezildi.
Taslamalaryň onusynyň awtorlary ýeňiş gazandylar, olaryň arasynda mekdepde sapak geçmäge multimediýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça taslamalar, awtorlyk komputer programmalary, mowzuklara görä elektron ensiklopediýalar we okuw kitaplary bar.
Maldarçylyga we ekologiýa degişli taslamalara aýratyn gyzyklanma bildirildi. Wajyp taslamalaryň awtorlaryna dabaraly ýagdaýda ýörüte hormat hatlary gowşuryldy.