Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby, 2-nji orun:
— Bu bäsleşik ilkinji nobatda ýaş zehinleri ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bäsleşige gatnaşan ýüzden gowrak eserleriň içinde «Üstünlige ýetmek özümize baglymy ýa-da…» atly makalamyň ikinji orna mynasyp bolmagy meni buýsandyrdy. «Üstünlik gazanmagyň ýollary» atly döredijilik bäsleşiginde gazanan üstünligim meni täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy.
«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-türkmenistan.com resmi saýtynyň geçirýän döredijilik bäsleşikleri okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň özi okyjylary, aýratyn-da, ýaş zehinleri täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn, olaryň geljekde-de galamynyň ujy ýiti bolsun. Şeýle döredijilik bäsleşikleriň dowamly bolmagyny arzuw edýärin!
Çeşme: Atawatan Türkmenistan