Şu gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli ХХ asyryň iň gazaply urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabarasy geçirildi.
Ýyl-ýyldan Ýeňiş güni mynasybetli guralýan dabaralar has çuň mana eýe bolýar. Bu sene nesilleri we halklary, häzirki döwürde ýetilen sepgitleri, mähriban topragyny, onuň parahatçylygyny we asudalygyny, nesilleriň ýakyn we geljekki durmuşyny goramak üçin fronta giden türkmen esgerleriniň edermenligini berk baglanyşdyrýar. Bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň ähli ilatyna iberen Gutlagynda, “Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýan baýramdyr. Jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrmakda, nesilleri hakyky watançylyk, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde Ýeňiş baýramy aýratyn ähmiýete eýedir” diýip belleýär.
Biziň gadymy köklerimiz we pederlerimizden galan mirasymyz täze taryhy eýýamda ygtybarly binýat bolup durýar we ýurdumyz onda özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Iň gandöküşikli söweşlere gatnaşan milli gahrymanlarymyzy hatyralamak, olaryň hyzmatyna mukaddes sarpa goýmak türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilmegi halkymyzyň asylly däpleriniň nesilden-nesle geçýändiiniň we pederlerimiziň edermenligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Milletler Bileleşi tarapyndan 1995-nji ýylda biziň döwletimize berlen hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan we häzirki döwürde milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugrumyz giň goldawa, halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi halkymyzyň parahatçylykly we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda bu ýerdäki 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hormatyna dikeldilen “Ruhy tagzym”, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda we beýleki Watan ugrundaky gazaply söweşlerde wepat bolanlaryň hormatyna gurlan “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärliklerine gül desselerini goýdy. Bu ýadygärlikler türkmen topragynyň gaýduwsyz ogullarynyň hatyrasyna dikeldilen halk hakydasynyň synmaz binalarydyr.
Şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, olaryň barşynda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp bahar gülleri gowşuryldy. Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda uruş we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar, dürli sergiler guraldy. Ýaşuly nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagynda edebi agşamlar, dabaraly hatara durmak çäreleri, bäsleşikler geçirildi. Muzeýlerde, kitaphanalarda, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde mowzuklaýyn sergiler ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda şanly Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi.
… Säher bilen asylly däbe eýerip, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak dabarasy başlandy. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna köpsanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, guramalaryň we edaralaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar bar.
Ýurdumyzda uly hormatdan peýdalanýan—uruş weteranlary, şeýle hem tylda zähmet çekenler dabaranyň esasy gahrymanlary boldular. Ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda weteranlar bilen bir hatarda häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, mähriban Watanymyzyň çäklerini, topragymyzyň, asmanymyzyň parahatçylygyny goraýan esgerler bu ýerde guralan dabara gatnaşdylar.
Watan goragy her bir adam üçin mukaddes borç bolup durýar. Türkmen esgerleri we serkerdeleri watansöýüjiligiň we gahrymançylygyň aýdyň nyşany bolup durýarlar. Olar beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrundaky gazaply söweşlere gatnaşdylar.
Türkmen esgerleri ady rowaýata öwrülen Brest galasynyň, Moskwanyň, Kiýewiň, Smolenskiniň, Leningradyň, Stalingradyň… eteklerinde mertlerçe söweşip, gaýduwsyzlyk görkezdiler. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň ähli söweşlerinde watandaşlarymyz gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň häzirki ýaşlary üçin watansöýjüiligiň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň beýik mekdebine öwrülendigini bellemeli.
Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran edermen hem-de gaýduwsyz pederlerimiziň şöhraty halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynda ebedileşdirildi.
Şol gazaply uruş gutaraly bäri 70 ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa, türkmen halky edermen pederleriniň gahrymançylygyny kalplarynda saklaýar. Söweşlerde wepat bolanlaryň, tylda zähmet çeken eneleriň, atalaryň, uýalaryň, zenanlaryň we çagalaryň durmuş ýoly ýaş nesilleri halkyň milli gymmatlyklaryna, edermenligine, gaýduwsyzlygyna, Watana we öz halkyna çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň mukaddes nusgasy bolup hyzmat edýär. Watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bagtyýar durmuşynyň kepiline öwrüldi.
Ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy däpleriniň asylly ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda forntçylar, tylda zähmet çekenler we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary üçin köpsanly ýeiňillikler, olaryň mynasyp durmuşy ugrunda oňyn mümkinçilikler döredildi.
Uruş we zähmet weteranlary Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasy bolmak bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, agzybirligiň berkidilmeginde, ýaşlaryň watansöýjüilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk we ýokary ahlak esasda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýarlar.
… Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda 1941-1945-nji ýllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormat-sarpa goýmak bilen, uruş weteranlary, harby we hukuk goraýjy ederalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeş toparlaryň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary “Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular. Sanlyja wagtyň içinde ýadygärligiň etegi ajaýyp bahar gülleri bilen örtüldi.
Türkmen halkynyň merdana ogullaryna baky şöhrat bolsun. Türkmen halky türkmenistanly esgerleriň rehimsiz basybalyjynyň garşysyna söweşlerde görkezen edermenligini, gahrymançylygyny hemişe hakydasynda saklaýar.
Şanly sene mynasybetli guralan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ilaty şöhratly Watan goragçylaryny hatyraladylar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda öçmez-ýitmez gahrymançylyk görkezip, baş goýan milli gahrymanlaryň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere, binalara gül desseleri goýuldy.
Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.