9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýeriň Ýaşyl Ýaşaýşy

Hormatly Prezidentimiz 27-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda ýaz paslynda, asylly däbe görä, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze bag nahallaryny ekmek çäresine badalga beriljekdigini belläp, berkarar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu parz çärä göwnejaý derejede taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi. Bütin dünýäde ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolan köpçülikleýin bag ekiş çäreleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň şanly wakalary bolar. Şu ýyl Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli jemlener.

GÖZ GUWANJY — «GÖK GUŞAK»
Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Onuň çäklerinde esasy görkezijiler we olary durmuşa geçirmek üçin 2013 — 2020-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreler kesgitlendi.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň toprak, howa şertleriniň aýratynlyklaryna esaslanýan tokaýlary dikeltmek ýa-da döretmek boýunça tokaýçylyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan
8 ýylda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini giň gerimde alyp barmak üçin täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek işlerini dowam etmek, Awaza derýasynyň kenarlaryny tokaýlaşdyrmak, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Bulardan başga-da, çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmek we çöl ýerleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, gül hem-de bezeg agaçlaryny ýeterlik mukdarda ösdürip ýetişdirmek, Türkmenistanyň tokaýlaryny durnukly dolandyrmak we tokaýçylygy ösdürmek üçin tokaýlaryň tükellemesini hem-de hasabyny alyp barmak, tokaýlaryň goragyny we gözegçiligini kämilleşdirmek Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasy wezipeleridir.
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara-hukuk resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy rejelenen görnüşde tassyklandy. Ony amala aşyrmagyň möhüm bölegi bolan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde, her ýyl bolşy ýaly, geçen ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda 1 million 500 müň düýp bag nahallary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallary ekildi. Şol ýyl tutuş ýurdumyz boýunça jemi ekilen bag nahallarynyň 600 müň düýbi miweli agaçlar we üzüm, 300 müň düýbi tut agaçlarydyr.
Milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmegiň diňe bir ýurdumyzyň keşbini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin oňaýly daşky gurşawy, şäherlerde hem-de obalarda amatly howa ýagdaýyny döretmelidigini belleýär. Adam tebigatyň bir bölegidir, onuň ýaşaýyş-durmuşy tebigat bilen özara sazlaşykly gatnaşyklaryna, tebigatyň bize eçilen baýlyklaryndan näderejede pähimli, rejeli peýdalanyp bilşine baglydyr.

AGAÇLAR HEM ADAMLAR
Magtymguly atamyzyň «Agaç uzyn bolsa, kölgesi düşer», «Asyl begiň saýasynda kül bolgul» diýşi ýaly, başy gaba telpekli, saýaly baglar goç ýigitlere meňzemeýärmi?! Golundaky höwürtgeleri üwräp, hüwdüläp oturan agaç enä meňzemeýärmi?! Başy aşak, miwesi bol getiren agaçlar alymlara, şemal bilen oýun edýän nahallar bolsa çagalara meňzeş.
Agaçlar bilen adamlaryň arasynda meňzeşlik köp. Olar biri-birine has ýakyn. Hawa, agaçlar hem adamlar ýaly, duýýar, duýdurýar, ýaşaýar, idegi ýetse, juwanlaşýana meňzeş.
Ynsanyň çagalyk, ýaşlyk, garrylyk döwri ýaly döwürler agaçlarda-da bar. Halypa bagbanlar, ilki bilen, agaçlaryň tohumyny ekip, gögeriş alýarlar. Wagty gelende, ýaş nahallary «mekdebe göçürýärler». Çaganyň ulaldygyça aladasynyň artyşy ýaly, «çagalar bagynda» boý alan nahallara-da indi has uly iýmit meýdany, has köp ideg-yssuwat gerek. «Çagany — ýaşdan» diýlişi ýaly, nahallara-da kiçiliginden görnüş berip başlamaly. Egri ösen nahal bir gasyn-gasyn bolansoň, ony soň dogrulajak gümanyň ýok.
Agajy adamyň ömrüne-de meňzedýärler. Onuň kökleri — geçmiş, sütüni — şu gün, şahalary — geljek. «Ynsan neberä daýanar, agaç — damara» diýlişi ýaly, kökler näçe çuň, sagdyn bolsa, şahalar hem şoňa görä. «Miweli bagyň başy aşak», «Hasyl bermeýän agaja hiç kim daş atmaýar» diýen pähimlerde bolsa, barly baglar adamlar bilen deňeşdirilýär.
Her bir adamda bolşy ýaly, agaçlaryň hersiniň özboluşly biomeýdany bar. Dürli agaçlar adama dürlüçe täsir edýär. Şonuň üçin hem il içinde çynar, güjüm, tut, söwüt, derek, serwi, leýlisaç… ýaly agaçlaryň özüne çekijiligi barada köp gowy zatlar aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymynyň döreýşi hakyndaky ýatlamalary hem muňa mysal.

«ÝAŞYL LUKMANLARYŇ» MELHEMI
Agaçlaryň howany arassalamak ukyby olaryň bölüp çykarýan fitonsidleri bilen bagly. «Fitonsid» sözi grekçe «phyton» («ösümlik») hem-de latynça «caedo» («öldürýärin») diýen sözleriň birikmeginden emele gelipdir. Olar mikrobedenleri ýok etmäge ýa-da olaryň ösüşini saklamaga ukyplydyr.
Ýer şarynyň ösümlikleri her ýylda howa 490 million tonna fitonsid bölüp çykarýar. Bu işde pürli agaçlar has tapawutlanýarlar. Ýurdumyzyň bezeg bagçylygynda bu görnüşlere aýratyn üns berilýär. 1 gektar sosna hem-de arça agaçlary günüň dowamynda 20-30 kilogram fitonsid bölüp çykarýar. Şonuň üçin hem arça tokaýlarynyň, baglaryň, seýilgähleriň howasyndaky mörjewler başga ýerlerdäkiden 200 esse azdyr.
Uçýan hem-de uçmaýan fitonsidler bolup, olar ösümligiň, agajyň immunitetini emele getirýär. Olaryň uçýan görnüşi dem, deri arkaly öýkene, adamyň bedenine aralaşýar hem-de kesel dörediji mikrobedenleriň ösüşini togtadýar, ýokanç keselleriň öňüni alýar. Fitonsidler ýürek urşuny we gan basyşyny kadalaşdyrýar, iýmit alyş-çalşygyna gatnaşýar, gandaky süýjiniň mukdaryny peseldýär, beýnide gan aýlanyşygyny, bagryň ýagdaýyny, deriniň bakteriýalara garşylygyny gowulandyrýar, immun hem-de nerw ulgamyny berkidýär.
Pürli agaçlaryň fitonsidleri eritrositleriň kislorod ýetmezçiligine durnuklylygyny, ýaşaýyş dowamlylygyny iki esse ösdürýär. Şularyň netijesinde, gür baglyk ýerlerde, tokaýlaryň golaýynda ýaşaýan adamlar aňsat ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri bilen kesellemeýärler.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde ýurdumyzyň tokaýlarynda giň ýaýran türkmen arçasynyň, pissäniň, badamyň, injiriň, dagdanyň, erigiň, almanyň, zirkiň, böwürsleniň we başga-da ýüzlerçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri hakynda giňişleýin maglumat berilýär.
Agaçlaryň peýdaly täsirleri munuň bilen çäklenmeýär. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynda Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki 20 müň gektar meýdana çöl ösümliklerini we ýaprakly agaçlary ekmek başlangyjy bilen duzly tozanlaryň zyýanly täsirini peseldýän tokaý zolagy döredildi. Görşümiz ýaly, agaçlar tozanlary, galmagaly hem özüne siňdirip, adamlar üçin amatly daşky gurşawy döredýär.

AGAÇLAR ÝERIŇ ASMANA ÝAZAN ŞYGRYDYR
Baglar, güller, saýraşýan guşlar — durmuşyň görki. Olarsyz ylhamly dünýäni göz öňüne getirmek, asla, mümkin däl. Ynsanyň olara bolan söýgüsi halk döredijiligine, edebiýata siňipdir. Görogly beg «Öwez bilen baga girsem, Çemen baglap, güller tirsem» diýip arzuw edýär, daglaryň goýnuna gözi düşende, «Bag bilen bostan sendedir», Magtymguly Pyragy «Bag içinde biten güller, Gutly bolsun ýazlar size» diýip, bu gözellikleri wasp edýär.
«Zöhre — Tahyrdan» «Seýle gideli» halk aýdymynda aşyklar biri-birini bag seýline çagyrýar. «Şasenem — Garypdan» «Ne bag duýdy, ne bagbanyň», «Baga seýle», «Bagban edeýin», «Leýli — Mejnundan» «Çykdym güller» halk aýdymlarynda hem duýgular «ýaşyl dünýä» dolýar. «Saýatly — Hemranyň» «Saýat han bagdadyr-bagda» diýip, joşgunly ýaňlanýan «Balsaýadynda» wasp edilýän bagyň gözelligi ýar gözelligi bilen sazlaşýar.
Eserlerdäki gahrymanlar baglar bilen gürleşýärler, dertlerini paýlaşýarlar hem-de olardan öwrenýärler. Gündogar pähimlerinde: «Daş-töweregiňdäki ähli zat — hatda daglar, derýalar, ösümliklerdir agaçlar hem seniň mugallymyň bolmalydyr» diýilýär. Hawa, daragtlar bize dilsiz-agyzsyz sapak berýän ýaly. Agaçlar Ýeriň ynsana, asmana, guşlara bolan söýgüsidir, olara bagyşlap ýazan ajaýyp şygrydyr.

«INIP GELDIM BAG SEÝLINE»
Ýaşaýan ýeriň golaýy baglyk bolsa, onuň gadyryna ýetme barmy?! Çar pasylda onuň gözelliginden gözüň ganmaýar. Baharda gül açanda, ýagyşdan soň, tomus salkyn saýa salanda, güýz ýapraklaryny düşürende, gyş gara bürenende, agaçlaryň arasynda göwün açmaga barmadygymyz ýok bolsa gerek.
Hormatly Prezidentimiz: «Seýilgähler we seýilbaglar paýtagtymyzyň hakyky bezegi, rahatlygyň ýaşyl zolaklary bolmalydyr. Şol ýerde raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dynç almaklary, ajaýyp görnüşlere syn etmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Okgunly ösýän paýtagtyň keşbiniň özgerýändigine garamazdan, şäheriň taryhy merkeziniň özüniň özboluşlylygyny saklaýandygyny belläp, ýetginjeklik we talyplyk ýyllarynda bu ýere ýygy-ýygydan gelýändigini ýatlady. Seýilgähde baglaryň saýasynda dynç almak hem-de kitap okamak bilen meşgullanmak bolýardy. Häzirki döwürde hem bu ýer aşgabatlylaryň söýgüli seýilgäh zolaklarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda ençeme seýilgähler döredildi. 2015-nji ýylyň dekabrynda Konstitusiýa binasy bilen «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň aralygynda «Arçabil» seýilgäh toplumy hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygyna sowgat boldy. Bu ýerde pürli agaçlaryň 28 müňe golaýy, saýaly baglaryň 14 müňüsi, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň, şol sanda Italiýadan we Türkiýeden ýörite getirilen gülleriň 925 müňden gowrak düýbi oturdyldy. «Arkadag», «Aşgabat», «Ylham» ýaly seýilgähler şäheriň abadançylygynyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen paýtagtyna «bagy-bossana bürenen şäher» diýmäge esas berýär.

DÜNÝÄ KITABYNDA GALAN ÝADYGÄR
Aslynda, agaçlar Ýeriň adamdan hem öňki «ýurt eýeleri». Elbetde, ýerüsti bölegi ýaş bolsa-da, Adam atanyň döwründen bäri ösüp oturandyr diýdirýän tokaýlar bar. Şeýle gadymy agaçlaryň yzlary türkmen topragynda-da tapylýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 250 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Tüwergyrdan tapylan daşa öwrülen agajyň ýaşy 270 million ýyla deň. Ol paleozoý eýýamynyň iň soňky Perm döwrüniň tokaýlarynyň bölegi.
Köp asyr ýaşan agaçlar, köne tokaýlaryň galyndylary, gymmatly agaç görnüşleri, seýrek, ýitip, ýok bolup barýan ösümlikler ýurdumyzyň botaniki tebigy ýadygärlikleridir. Olaryň arasynda 2 müňden köp ýaşan türkmen arçalary bar. Merkezi Köpetdagyň, Köýtendagyň, Uly Balkanyň, Magtymguly etrabyndaky Alty dagdan jülgesiniň ençeme asyrlara şaýat bolup oturan agaçlary ajaýyp tebigy ýadygärliklerdir. Olaryň hatarynda Aýderedäki hoz agaçlary-da bar. Ýaşy 500 ýyldan geçen Şahoz hem şu ýerde ösýär. Nohurdaky, Ýylysuwdaky, Arçabildäki, Germapdaky, Kiçi Nyýazymdaky 2-3 asyr ýaşan çynarlardyr beýleki agaçlar, Aşgabadyň asyr ýaşan agaçlary, Garagumdaky köpýyllyk sazaklar, Amyderýa, Tejen, Murgap jeňňellikleri, Bathyzdaky 1-4 asyr ýaşan pisseler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Hojaburjybelendiň 250-300 ýaşan pisse agaçlarynyň sütüniniň ýogynlygy 1 metrden geçýär.
«Ýedi dogan» çynary, Seýdiniň atyny daňan tut agajy, Garabekewüldäki «Guraýan pälwan» tut agajy, Akybaýyň (Sakarçäge etraby) ojarlary, Sekizýabyň (Gökdepe etraby) boýundaky ýabany üzümler we beýlekiler ady rowaýata öwrülen agaçlardyr.
Ençeme ynsan ykballaryna şaýat bolan, berk, beýik agaçlar keramatlaşdyrylypdyr. Bu barada «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýlişi ýaly, dagdan agajy bilen bagly yrymlary ýatlamak ýeterlik. Köýtendäki arnap tokaýjygy hem keramatly ýer hasaplanýar. Onuň arnaplarynyň gürlügi, sütünleriniň görnüşi «tans oýnaýan tokaýlary» ýatladýar.

BAG AÝDYPDYR: «BAK MAŇA, BAKAÝYN SAŇA!»
Kesewiňi dürtseň, gülledýän türkmen topragynda ömrüni bagbançylyga bagyşlap, ussatlygyň mekdebini dowam edýänleriň sarpasy belent. Olara giň mümkinçilikler döredilýär. Miweli baglaryň adaty görnüşleri bilen birlikde, gawun agajy, banan, hurma, limon ýaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirýänleriň sany barha artýar.
Milli tokaý maksatnamasynda tokaýçylygy ösdürmegiň ylmy esaslaryna-da üns berilýär. Geljekde sitruslaryň dürli görnüşlerini, zeýtun, grek hozy, pisse ýaly agaçlary has-da köpçülikleýin ekmegiň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk, ösümlikleri goramak, tokaý we seýilbag hojalygy hünärleri boýunça has-da döredijilikli işlejek hünärmenler taýýarlanýar.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde telekeçi Sarybaý Hanbaýewiň Gubadag etrabynyň çäginde üzümiň 23 görnüşiniň 5300 düýbi oturdylan bagyndan, Täjibaý bagbanyň nar agaçlaryndan alýan hasylyny, gyşda ýylylygy söýýän agaçlary goraýşyny göreniňde, olaryň ussatlygyna haýran galýarsyň.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyz boýunça 7 müň 273 gektar meýdanda 6 milliondan gowrak miweli bag nahallarynyň oturdylmagy we olary damjalaýyn usulda suwarmagyň ýola goýulmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy buýsanç bilen bellenmäge mynasyp.
Golaýda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilen, dünýäniň 117 ýurdundan 3000-e golaý wekili özünde jemlän Bütindünýä ykdysady forumynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli tutuş dünýäde 1 trillion agaç ekmek başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle asylly işlere Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wezipelerini işjeň durmuşa geçirýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goşandy has-da görnüklidir.
Aýdylyşy ýaly, agajyň ýerde ýatan tohumy birbada göze ilmese-de, äpet agaçlar şol tohumdan döreýär. Ynsan ömrüni bezeýän beýik işler hem şol tohum ýaly pikirden, başlangyçdan döreýär.
Agajy adamyň häsiýetine, onuň saýasyny at-abraýyna deňeýärler. Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen döredilen baglar döwrüň, döwürdeşlerimiziň ýüzi, olaryň saýasy bolsa Ýaradanyň sogaby, nesilleriň alkyşydyr. Ýeriň ýaşyl ýaşaýşy, göz guwanjy bolan «gök guşagymyz» dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň beýik başlangyjy hem yhlasydyr.

Degişli makalalar

Satyn Almalar Barada Ýörite Habarnama

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetinde Robotlaryň Bäsleşigi Geçirildi

V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi