Şöhrat aga bilen Sona gelnejäň iki gyzy bar . Uly gyzy Selbi we körpe gyzy Maral.
Selbiniň çagalykda ýatkeşlik ukyby pesdi, şonuň üçin hem ol özüne kem baha berýärdi. Daş-töweregindäkiler hem Selbini ukypsyz , hiç hili işi başarmaýan diýip hasaplaýardylar.
Maral Selbiden iki ýaş kiçidi. Maral çagalygyndan düşbi , alçak we çalasyndy . Selbi bilen Maral çagalar bagyna bile gatnapdylar. Selbiniň ýat tutmaly goşgularyny Maral ondan öňürti ýatlaýardy. Selbi bolsa özüne buýrulan ýumuşy ýerine ýetirip bilmän, jigisi Maralyň bolsa ýeňillik bilen ýatlaýşyna geň galýardy.
Ýyllar geçip, Selbi mekdebe gatnap başlady. Ol haçanda 3-nji synpa geçende jigisi Maral 1-nji synpa geldi . Maral gelen gününden öz alçaklygy bilen beýleki çagalardan saýlanyp , mugallym ony synp toparynyň başlygy edip belledi . Maral örän okuwa höweslidi, ol harplary çalt öwrenip, Selbiniň okuw kitaplaryny okaýardy . Selbi bolsa öz geçýän derslerinden agsaýardy.
Ýyllar öz ornuny indiki ýyllara berýärdi. Selbi haçan–da 5-nji synpa gadam basanda biologiýa dersini geçip başlady. Bu dersden okadýan mugallym öz ugruny örän gowy bilýän, durmuşda–da ençeme kynçylyklary ýeňip geçen , tejribeli pedagogdy. Ol öz dersini gyzykly gurap, okuwçylaryň bilimini artdyrmak isleýärdi. Bir güni ol Selbiden geçilen temany gürrüň bermegini sorady. Selbi hem başardygyndan jogap berdi. Temany diňläp bolansoň mugallym: “Selbi 3-nji “B” synpdaky Maral seniň jigiňmi? diýip sorady. Selbi hem: “Hawa” diýip jogap berdi. Mugallym hem: “Onda näme üçin ol gowy okaýar-da, sen okaňok?!” diýip sorady. Selbi hem: “Men kiçikäm kän keselläpdirin, men ejiz bolupdyryn” diýip jogap berdi. Mugallym ýylgyryp: “Selbijan sen ýalňyşma näme jigiň hiç kesel bolan däldir, diýip pikir edýärsiňmi? Sen bir hakykaty boýnuňa almany başar! Men ýalta, jigim bolsa okaýar” diýip, eger senem okasaň, senem jigiň ýaly bilersiň, hemme zady başararsyň” diýip aýdan sözleri Selbiniň ýüreginde bir uçgun döretdi. Selbi indi başgaça pikir ýöredip başlady. Ol özüne: “Men köpräk okamaly, men ýaltanmaly däl, men muny başararyn!” diýip hereket edýärdi.
Assa – ýuwaş Selbiniň bahalary gowulanyp başlady, mugallymlaryň hem oňa bolan garaýşy üýtgäpdi. Selbiniň tebigat ylymlaryna bolan söýgüsi beýikdi. Esasan hem geografiýa dersini aýratyn höwes bilen okaýardy. Bu dersden okadýan mugallym Selbä ders bäsleşige gatnaşmagyny teklip etdi. Selbi özüne bildirilen ynama begenjinden iki bolup bilmedi. Ol 6-njy synpda ders bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 3-nji orny, 8-nji synpda 1-nji orny eýeledi. Selbiniň özüne bolan ynamy has–da artýardy.
Ýyllar geçip Selbi 11-nji synpa ýetip geldi. Indi Selbiniň öňünde uly maksatlary bardy. Ol geografiýa dersinden mugallym bolmak isleýärdi. Şonuň üçin ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň giriş synaglaryna taýýarlanyp başlady. Orta mekdebi diňe bäşlik baha bilen tamamlan Selbi tomus günleri giriş synaglaryna taýýarlandy.
Ine synag güni hem gelip ýetdi, Selbi örän tolgunýardy, nähili bolarka, diýip gorkýardy, okan zatlaryny birin-birin ýatlady.
Selbä synagda bilýän, okan temalary boýunça sorag düşendigine seretmezden, aljyrap, jogaplaryny ýalňyşyp, synagdan geçip bilmedi.
Sussupes çykan gyzyny görüp, Sona gelneje hemme zady aňdy. Selbi ejesini görüp aglap başlady , ejesi hem ony gujaklap: “Goý aglama, hemme zat gowy bolar” diýip köşeşdirýärdi. Selbiniň kakasy hem sabyrsyzlyk bilen netijäni bilmek üçin jaň edýärdi. Sona gelnejäniň: “Ýok, bolmady” diýen sözlerinden soň, Şöhrat aga: “Siz onda gaýtmaňda, Selbiniň resminamalaryny ýörite orta hünär mekdepleriniň birine tabşyryň, belki indi şowuna bolar” diýdi. Selbi hem: “Men uniwersitetde okajak” diýip, üzül-kesil jogap berdi. Sona gelnejäň iň uly aýal dogany Şasenem gelneje-de olaryň ýanyndady. Hiç haçan durmuşda ejizlemezligi sapak edinen Şasenem gelneje: “Sona gyzyň ýüreginde arzuwy bar, goý ol bir ýyl taýýarlansyn, geljek ýyl ýene–de nesibesini synap görsün” diýip nygtady. Sona gelneje hem Şasenem gelneje bilen razylaşyp, Selbi bilen öýüne oba dolandylar.
Öýüne gelensoň, Selbiniň ejesidir kakasy mundan beýläk näme etmelidigi barada oýlanýardylar. Soňra olar Selbini welaýat merkezindäki dil merkeze okamaga ugratdylar. Ol ýerde Selbi iňlis dili, matematika kurslaryny bilelikde okaýardy. Selbiniň okaýan dil merkeziniň ady “Ilkinji gadamdy”. Her gezek ol bina girmänkä, binanyň adyna gözi düşende: “Bu ýer meniň indiki durmuşym üçin hem ilkinji gadamdyr” diýen pikir bilen girýärdi. Ýygy – ýygydan geçirilýän synaglarda ýokary bal alýandygy üçin Selbiniň ady hemişe sanawda ýokary onlugyň içinde durýardy.
Günleriň birinde Selbi demir ýol menzilinde otla garaşyp durka bir otly gelip durdy we bu otludan boýunlaryna medallar dakynan türgen oglan – gyzlar düşüp gelýärdiler. Olara menzilde ene – atalary, doganlary garaşyp durdular. Türgenleriň ene – atalary öz çagalaryna buýsanyp, ýeňşi bilen olary bagryna basyp, gutlaýardylar. Bu sahna Selbiniň göz öňünden hiç gitmedi. Selbiniň gözüne ýaş aýlanyp, içinden: “Men hem ömrümde iň bolmanda bir gezek boýnuma medal dakyp görsedim” diýip arzuw etdi.
Şeýlelikde ýene tomus ýetip geld. Giriş synaglaryna gatnaşmak üçin resminamalar kabul edilip başlandy. Selbi giriş synaglary baradaky maglumatlar bilen tanşyp, öz okan ugurlaryna gabat gelýän synaglary bar bolan ýokary okuw jaýlaryny saýlady. Köp oýlanyp, Selbi bir karara geldi. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetini saýlady we resminamalaryny tabşyrdy. Bu ýyl Selbä şowly gelip, ol “talyp” diýen ada eýe boldy. Selbiniň: “Men uniwersitetde okajak” diýen sözleri ýerine düşdi.
Selbiniň okuwa bolan höwesi onuň uniwersitetde hem üstünlüklere ýetmegine kömek etdi. Ol ikinji ýyllyga gadam basanda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe meýletinçi bolup gatnaşdy. Şol bäsleşiklerde türkmen türgenleri ýeňiş gazanyp, boýunlaryna medal dakynanyna gözi düşende Selbiniň demir ýol menzilinde eden arzuwy ýadyna düşdi. Ýöne Selbi haýsy ugurdan medal aljagy barada oýlananda onuň öňünde boşluk emele gelýärdi.
Ýyllar geçip, Selbi 3-nji ýyllyk talyp boldy. Täze okuw ýylynda girizilen dersleriň arasynda “Ekologiýa” dersi hem bar eken. Selbiniň tebigat ylymlaryna bolan söýgüsi ýene möwç urup başlady. Ol şu ders boýunça ders bäsleşigine gatnaşmak üçin taýýarlanyp başlady. Bäsleşige taýýarlaýan tejribeli, uly mugallym Gülbahar Ahmetýarowady. Onuň hemişe aýdýan bir sözi bar: “Maňa marafonçylar gerek, ýüz metre ylgaýanlar däl”. Bu sözleri eşidip, talyplar özlerini türgen ýaly duýýardylar. Şeýle taýýarlyklardan soňra Selbi ders bäsleşigine gatnaşyp, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2-nji orna eýe boldy. Şol gün Selbiniň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriň birine öwrüldi.
Ders bäsleşiginde üstünlikli gatnaşyp, baýrakly 2-nji orny eýeländigi üçin Gülbahar mugallym Selbä ekologiýa dersi boýunça geçiriljek internet olimpiadalaryna gatnaşmagy teklip etdi. Selbi hem bildirilen bu uly ynama jogap edip, bäsleşiklere höwes bilen gatnaşyp, halkara internet olimpiadasynda kümüş medala, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda üç ugur boýunça türkmen dilinde ilkinji gezek geçirilen internet olimpiadasynda 1-nji orny eýeläp, ençe wagtlap arzuw eden “Altyn” medalyny boýnuna dakmak bagtyna eýe boldy .
Selbi indi durmuşda diňe öňe hereket etmelidigini, arzuw – maksatlaryňa ýetmek üçin ýadawsyz zähmet çekmelidigini sapak edindi.
“Alla ýetdirmejek zadyny arzuw etdirmez !”…
Durjan Ýernazarowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyllyk talyby
Çeşme: Atavatan Türkmenistan