2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş Sekretary j-p Mirça Çiopragа bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar geljekde Türkmenistanyň Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag kommunikasiýalarynyň ösüşinde ýurdumyzyň strategiki ýerleşişiniň ähmiýeti barada aýdyp, taraplar Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň ösüşinde Türkmenistanyň ornuna degişli esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Oňyn netijeleri bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp, taraplar onuň geljekde hem ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.