9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Ýurduň 550 müň gektara ekilen gowaçaly meýdanlarynda gymmat bahaly oba hojalyk ekinini ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu günki günde eýýäm „ak altynyň” 60 göterimden gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. 

Ýurduň etraplarynyň daýhan birleşikleri pagta ýygym işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Türkmen pagtaçylarynyň öňünde şu ýyl täze hasylyň 1 million 109 müň tonnasyny tabşyrmak wezipe durýar. 

Mary we Ahal welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ekilen gowaçanyň „Ýolöten-14″, „Ýolöten-32″, „9871 – I” ýaly inçe götnüşlerinden bol hasyl ýetişdirildi. Däp boýunça gowaçanyň inçe süýümli görnüşleri toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň günorta sebitleriniň ikisinde ekilýär. Gowaça ekişi we degişlilikde hasyl ýygym işleri ilkinji nobatda bu welaýatlarda badalga alýar. 

Gowaçanyň „149F”, „133″, „Ýolöten-7″, „Daşoguz-120″, „Serdar”, „С-4727″ ýaly orta süýümli görnüşleri ýurduň ähli welaýatlarynda ekilýär we olar pagta ýygyjy kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalýar. Türkmen pagtasynyň inçe we orta süýümli görnüşleri özüniň ýokary hasyllylygy, hili we gymmat bahaly süýüminiň çykyşy boýunça tapawutlanýar. 

Pagta ýygym möwsüminde „Jon Dir” we „Keýs” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 600 töweregi ulanylýar. Olar üçin gije-gündizleýin hyzmat ediş ýola goýlandyr. Şeýle hem ýük daşaýan awtoulaglaryň iki ýarym müňden gowragy, yzy tirkegli traktorlaryň üç ýarym müňüsi pagta ýygym möwsüminde ulanylýar. Pagta çig maly ýöriteleşdirilen ulaglar bilen pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň 157-ne eltilýär. Ol ýerden bolsa, çig mal ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-na gaýtadan işlemek üçin ugradylýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli amnistiýa yglan edildi.

syrach

Okuwçylaryň Sport Bäsleşikleri

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky

syrach