Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2012-nji ýylyň 10 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Söwda we ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118 göterime barabar boldy. Şu döwürde pudagyň bölek-satuw dolanyşygy 14,7 göterim, lomaý-haryt dolanyşygy 19,9 göterim artdy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen dokma önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 124 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu döwürde önüm ýerlemegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,4 göterime barabar boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe eksport şertnamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,8 göterim artdy. Şol döwürde girdeji 19 göterim ýokarlandy.
“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda haryt önümçiligi boýunça 104,2 göterim ösüş gazanyldy. Ýurdumyzyň söwda-senagat edarasy boýunça geçen on aýda amala aşyrylan hyzmatlaryň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy. Şu döwürde 18 sany sergi we 23 sany maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hem guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny bellemek gerek. Başgaça aýdylanda, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 65 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bolsa 77 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Awtoulag serişdelerini ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma we söwda ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, alyjylaryň islegleriniň gyşarnyksyz artmagy bu ulgamlaryň kärhanalarynyň öňünde çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak wezipelerini goýýar. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça oňaýly şertleri we höweslendiriş çärelerini döretmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň tehnologik kuwwatynyň derejesini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşda milli ykdysadyýetimiziň gazanan üstünliklerini we serişdeler kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge niýetlenen, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna hem-de pudaga täze tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen sergileri geçirmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap, bu resminama gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň jähedinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarly bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan işjeň syýasy gatnaşyklary, dünýäniň köp ýurtlary bilen özara peýdaly söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara bolan saparlary däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegini we giňeldilmegini şertldendirdi. Şu döwürde biziň ýurdumyza birnäçe daşary döwletleriň Baştutanlary sapar bilen geldiler. BMG we beýleki abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalar, düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýete eýedigini bellemeli.
Hasabat döwründe biziň ýurdumyza 520-den gowrak dürli derejeli daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň sapar bilen gelendigi şu döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň sazlaşykyldy ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 557-si daşary ýurtlarda boldy. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda daşary döwletler we halkara guramalary bilen bilelikde guralan dürli derejedäki çäreleriň 200-e golaýy geçirildi.
Şu ýylyň başyndan bäri halkara resminamalarynyň 102-sine gol çekildi. Olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdiler.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň we ikitaraplaýyn hökümet toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Olaryň gün tertibine taraplaryň özara gyzyklanmalaryna laýyk gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga degişli möhüm meseleler girizildi.
Geçen 10 aýyň dowamynda Türkmenistan birnäçe gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken we dürli pudaklar boýunça oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülen wekilçilikli halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan birnäçe iri çäreler geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe bolan döredijilikli halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki toparynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” görnüşdäki dördünji duşuşygyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk hakynda aýdyldy. Duşuşygy 9-10-njy noýabrda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bziň ýurdumyzyň degişli wekiliýetleri syýahatçylyk ulgamy we beýleki ugurlar boýunça daşary ýurtlarda geçirilýän halkara duşuşyklaryna gatnaşarlar.
Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de özüniň oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýetleri ýakyn wagtlarda birnäçe ýurtlarda gulluk iş saparlarynda bolar. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky düzümine Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy girýän topar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, wise-premýer S.Toýlyýew Hytaý Halk Respublikasynyň Makao ýörite edara ediş etrabynda, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda bolar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygyndan hem-de Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary-Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygyndan ybarat topar hem Ýewropanyň öňdebaryjy meteorologik gulluklarynyň işi bilen ýerinde tanyşmak üçin Beýik Britaniýada, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, Ýaponiýanyň öňdebaryjy klinikalarynda saglygy goraýyş ulgamynyň işi we ösen lukmançylyk tehnologiýalar bilen tanyşmak we bu ugurda özara tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýaponiýada gulluk iş saparynda bolar.Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmak we parlamentara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, bu saparlar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar, gepleşikler dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyny we artdyrylmagyny şertlendirer, bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan desgalarda işleriň barşy, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş ulgamynyň işini gowulandyrmaga, paýtgatymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga gönükdirilen çäreler we şäherde arassaçylygy hem-de tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem noýabr we dekabr aýlarnda geçiriljek halkara derejesindäki çärelere we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini kemala getirmek meseleleri barada durup geçip, şäher häkimine paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz şäheriň abadançylygyna, desgalaryň talaba laýyk saklanylyşyna, köçeleriň arassaçylygyna hem-de yşyklandyrylyşyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Soňky ýyllarda gözel keşbi tanalmaz derejede özgeren Aşgabat diňe bir dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlarymyzyň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we gurulýan desgalarda, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy we gurluşyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime Türkmenistanyň paýtagtyny köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýarlamaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Şol günlerde Aşgabady baýramçylyk lybasyna beslemek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Baýramçylyk çäreleriniň guralyşynyň derejesi we ýurdumyzda höküm sürýän baýramçylyk ýagdaýy türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Geçirilýän dabaralar anyk işleriň netijelerini özünde jemläp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Bitaraplyk baýramyny guramaçylykly geçirmek wezipesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, H.Muhammedowa, A.Ýegeleýewe, B.Nurmyradowa, R.Seýitkulyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe paýtagtymyzda bezeg işleriniň talaba laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwri ýokary makroykdysady görkezijilerine eýe boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygy astynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar diýlip hasabatda bellenildi.
Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, 2012-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gazanylan netijeler boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,1 göterime barabar boldy. Şunlukda, jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy 52,5 göterim boldy.
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda daşary söwda dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 32,2 göterim ýokary boldy.
Türkmenistanda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 2012-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33,1 göterim artdy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde hasabat berilýän döwürde özleşdirilen serişdeleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 48,3 göterim ýokary boldy. Şunlukda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly desgalaryň 114-si, ýaşaýyş jaýlarynyň 604,7 müň inedördül metri guruldy, şeýle hem inženerçilik desgalarynyň 8963,3 kilometri çekildi.
Şu ýylyň 10 aýynyň deslapky jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenýän salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnama artykmajy bilen ýerine ýetirildi.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 142,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 95,9 göterime barabar boldy. 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, girdejiler 42,7 göterim, çykdajylar bolsa 31,4 göterim artdy.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygynda işleýän döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary boýunça hiç hili bergi ýok diýlip hasabatda bellenildi. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça ýurtda ortaça aýlyk haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,1 göterim ýokarlandy.
2012-nji ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça eksport edilen harytlaryň we hyzmatlaryň hasabyna walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça meýilnama 143,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 36,7 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna daşary ýurtlardan Türkmenistana getirilýän önümleri güwälendirmegiň Tertibini bellenen tertipde tassyklamaga ygtyýar bermek bilen baglanyşykly mesele barada aýdyldy.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygy boýunça, daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza getirilýän önümleri barlamagy standartlaşdyrmak we ony güwälendirmegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça halkara, sebitara we milli kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyklykda ägirt uly işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Daşary döwletlerden Türkmenistana getirilýän önümleri güwälendirmegiň tertibiniň” taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine kanagatlanma bildirdi we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda mundan beýläk-de ýokary görkezijileriň üpjün edilmegi üçin netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeleriň derwaýysdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
“Daşary döwletlerden Türkmenistana getirilýän önümleri güwälendirmegiň tertibi” hakyndaky taslamany oňlap, milli Liderimiz ýurdumyzyň sarp edijileriniň hukuklaryny we gyzyklanmalaryny üpün etmek maksady bilen, getirilýän harytlaryň hiline we degişli talaplara berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi we “Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Şeýle hem hasabatda şu ýylyň on aýynda gurlup ulanmaga berlen desgalar hakynda maglumat berildi. Olaryň hatarynda 23 sany umumybilim berýän mekdepleriň, 29 çagalar baglarynyň, müň orunlyk çagalar sagaldyş merkezleriniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalarynyň bardygy bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli Berzeňňidäki ylmy-sagaldyş bölüminiň täze binasy, kardiologik ylmy-kliniki mekrezli hassahana, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy we Aşgabat şäherinde Saglyk öýi, “Mollagara” şypahanasynyň täze binalar toplumy gurlup ulanmaga berildi. “Saglyk” kärhanasyny döwrebaplaşdyrmak işleri, şeýle hem Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Gaýragoýulmasyz kömek merkezleriniň, kardiologik ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binasynyň hem-de “Daşoguz” şypahanysynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şu ýylyň on aýynda halkara ylmy maslahatlarynyň ýedisi geçirildi. Iki sergi, halkara ekspedisiýasy we iki sany halkara çagalar festiwaly guraldy diýlip, hasabatda aýdyldy. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary halkara ders olimpiýadalarynyň 21-sine gatnaşdylar we şolaryň dowamynda 122 medal, şol sanda 20 altyn, 42 kümüş we 60 bürünç medallary eýelediler, türkmen türgenleri dünýä we Aziýa birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler. Olar 238 medallara mynasyp boldular. Olaryň 68-si altyn medallardyr diýip, wise-premýer habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda yzygiderli amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň bu pudaklaryň dünýä ülňüleriniň ýokary derejelerine çykmagy üçin oňaýly şertleri kemala getirendigi barada aýtmak bilen, bu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns mekrezinde saklamagy, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň depginlerini peseltmezligi talap etdi we işde milli ýörelgeleri nazara almak bilen daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini ugur edinmegiň zerurdygyny belledi. Häzirki gürrüň ylmy düzümiň ösüşi, ýaş hünärmenleriň taýýarlygy, halkara ylmy-barlag taslamalaryna işjeň gatnaşmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin netijeli we ýokary tehnologiýaly önümleriň önümçiligine gönükdirilen işläp taýýarlamalary artdyrmak hakynda barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
“Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny oňlap we degişli resminama gol çekip, hormatly Prezidentimiz onuň ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de toplumlaýyn özgertmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak işinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Döwletimiziň bilim ulgamynyň sazlaşykly ösdürilmegine mundan beýläk-de yzygiderli üns berjekdigini, ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk derejede bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi we olaryň ylmy iş bilen işjeň meşgullanmaklary, giň dünýägaraýyşly we hemmetaraplaýyn bilimi bolan ýaş nesilleriň kemala gelmegi ugrunda alada etjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany, teatr sungatyny, muzeý we kitaphana işini, milli mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek işini ösdürmek, raýatlarymyzyň medeni taýdan oňat dynç almagyny üpjün etmek, daşary ýurtlarda türkmen medeniýetine mynasyp wekilçilik etmek, şeýle hem türkmenistanlylary beýleki halklaryň medeniýetleri bilen giňden tanyşdyrmak boýunça görlen çäreler barada jikme-jik habar berdi.
Hasabat döwründe medeniýet ulgamynyň edaralary tarapyndan möhüm çäreleriň örän köp sanlysy geçirildi. Şol döwürde ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriniň ençemesine gatnaşdylar. 2012-nji ýylda Marynyň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar ýurdumyzyň durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan möhüm çäreleriň biri hem GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Hasabatda şeýle hem geçen döwürde medeniýet ulgamynyň aýry-aýry pudaklarynyň işiniň netijeleri barada habar berildi. Mejlisiň barşynda milli Liderimiziň garamagyna “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň işi bilen utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bitewi medeni giňişligi döretmek, medeni gymmatlyklaryň raýatlarymyz üçin deň derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmek döredijilik işiniň, ýaş zehinleri goldamak we ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça strategiki maksatlary durmuga geçirmekde olaryň ysnyşykly hereket etmeginiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz medeniýet ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin talaba laýyk şertleriň döredilmegi babatda degişli edaralaryň işiniň sazlaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň däbe öwrülen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini geçirmek baradaky Karara gol çekdi. Bu bäsleşik berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edebiýat, sungat, publisistika eserlerine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary çeperçilik we döredijilik ýörelgeleri esasynda medeniýet işgärleriniň döredijiligini höweslendirmäge ýardam eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynyň pudaklarynyň düzümine girýän kärhanalarda önümçiligiň umumy möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 103,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymy, güýzlük bugdaý ekişi tamamlanyp barýar. Şunuň bilen bir hatarda, gögeriş alnan meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda bugdaýa ideg edilýär, ösüş suwy tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, şeýle hem pagta ýygymyny, güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklaryny gyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň häzirki zaman düzümini döretmäge, köp dürli ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek häzirki günüň örän derwaýys wezipesi bolup durýar diýip aýratyn nygtady. Şol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin bolsa, bar bolan ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Aşgabat şäherinde Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň 12-nji tapgyryny gurmak boýunça görlen çäreler barada habar berdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 121,5 göterime barabar boldy.
Senagat ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 106,9 göterime barabar boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişinde 130,7 göterim, magdan däl materiallaryň öndürilişinde 103,7 göterim, sozulan metalyň öndürilişinde 128,8 göterim ösüş gazanyldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 113,4 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň öndürilişinde bu görkeziji 106,6 göterime barabar boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň ýerine ýetiren işleri babatda 151,6 göterim ösüş gazanyldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende harytlyk önümiň, ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 124 göterime barabar boldy. Hususan-da, bu görkeziji ýol gurluşyk işleri boýunça 123,6 göterime, senagat önümlerini öndürmek boýunça 117,3 göterime deň boldy.
Aşgabat şäher boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 135,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Gurulýan dürli maksatly desgalaryň sanynyň ep-esli artmagy we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň çykarylyşyny mundan beýläk-de giňeltmek, işleriň möhletlerini gyşarnyksyz berjaý etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtap, gurulýan we gurulmaga taýýar edilýän desgalaryň binagärlerine hem-de taslaýjylaryna bildirilýän esasy talaplaryň biriniň binalaryň we desgalaryň özboluşlylygy hem-de binagärlik keşbi bilen baglanyşyklydygyny belledi. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň 12-nji tapgyrynda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň 14-sini, 600 orunlyk mekdepleriň 2-sini, 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem 2-sini we Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Bu desgalar dünýäniň öňdebaryjy inžener – tehniki serişdelerini ulanmak arkaly, şeýle hem binagärlik sungatynyň iň soňky gazananlaryny nazara almak bilen gurlar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumlarynda 2012-2016-njy ýyllar üçin pudaklaýyn maksatnamada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118 göterime barabar boldy.
Demir ýol we suw ulaglary, aragatnaşyk ulgamy kärhanalarynda has-da ýokary ösüş görkezijilerine eýe bolundy.
Hususan-da, demir ýol ulaglary pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 114 göterime, ýolagçy gatnatmagyňky 113 göterime barabar boldy. Awtomobil ulaglary ministrliginde bolsa ösüş depginleri degişlilikde 101,6 göterime we 100,4 göterime barabar boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 111,6, ýolagçy gatnatmagyňky bolsa 146,5 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň düzümlerinde hem hasabat döwründe durunkly netijeler gazanyldy.
Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamynda telefon nokatlaryny gurnamak boýunça meýilnama 196 göterim ýerine ýetirildi. Ýakynda welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň arasynda göni wideomaslahaty alyp barmagy üpjün etmek boýunça giň möçberli taslamanyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Bellenilişi ýaly, wideoşekilli aragatnaşygyň bu ulgamynyň ýola goýulmagy biziň ýurdumyzda elektron dolanyşygynyň we ýokary tehnologiýaly pudagyň ösüşini üpjün etmekde nobatdaky ädime öwrüldi.
Ýurdymyzy senagat taýdan ösdürmegiň milli durmuş-ykdysady strategiýasyny üstünlkli durmuşa geçirmekde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň möhüm ähmiete eýe bolýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we häzirki zaman talaplaryna hem-de dünýä ülňüleriniň ýokary derejelerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz toplumyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, ýurduň ýük gatnawlarynyň we üstaşyr mümkinçilikleriniň möçberlerini giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm çäreleri kesgitledi.
Ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri bilen ilatymyza edilýän hyzmatyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmagyň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet dolanyşygy ulgamyna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ýurtda elektron dolanyşyk ulgamynyň ösdürilmegi strategik ugur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Döwletimiz häzirki döwürde ýurtda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere pudagyň kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, onuň dünýä ülňüleriniň ýokary derejesine çykmak üçin innowasion çemeleşmeleriň we hereketiň anyk meýilnamalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini şu ýylyň 10 aýynda 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňşdirilende 104,1 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy bolsa 107,1 göterime barabar boldy. Şunlukda, tebigy gazyň eksport möçberleri 8,8 göterim ýokarlandy.
Nebiti gaýtadan işleýän senagatda awtomobil benzinleriniň önümçiliginiň möçberleriniň ösüş depgini 105,2 göterime, polipropileniň önümçiligi 112,5 göterime, suwuklandyrylan gazyň we çalgy ýaglarynyň ösüş depginleri degişlilikde 116,4 we 109,3 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça tehniki ýoduň önümçiligi 3,6 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Ruhabadyň turba zawodynyň önümçilik möçberleri 4,1 göterim ýokarlandy.
Döwlet balykçylyk hojalygynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Bu ýerde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende balyk tutulyşy 1,6 göterim, taýýar balyk önümleriniň önümçiligi bolsa 14,2 göterim ýokarlandy.
Munuň özi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda walýuta girdejileriniň ýokary ösüşini şertlendirdi. Umumy özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri 62,9 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ýurtda ýaýbaňlandyrylan we türkmen halkynyň abadançylygyny, rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz täze uglewodorod ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmegini, nebitgaz çykaryjy we nebithimiýa senagaty kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy we olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagy, şeýle hem sebitleýin we ählumumy möçberde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýan köpugurly gaz geçiriji düzümiň ösdürilmegini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew özüniň gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Hasabatda häzirki döwürde önümi paýlaşmak boýunça şertnamalaýyn çäklerde ýurdumyzda halkara kompaniýalarynyň işleýändigini, olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalaryň, şol sanda geologiýa-gözleg işleriniň, uglewodorod serişdeleriniň gury ýer we deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar öz ösüşinde täze itergä we netijeli häsiýete eýe boldy diýlip bellenildi. Şu ýylyň on aýynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 1 milliard 342,75 million dollaryna barabar boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şertnamalaýyn çäklerde nebit çykarmagyň ösüş depgini 110,7 göterime, tebigy gazyň çykarylyşy bolsa 130,1 göterime barabar boldy. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge degişli ýatakdan Hytaý Halk Respublikasyna ugradylýan “mawy ýangyjyň” mukdary 18,8 göterim ýokarlandy.
Mundan başga-da, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan häzirki döwürde özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ony tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, şol sanda soňky ýyllarlda açylan täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň şol strategiýanyň möhüm ugurlarydygyny nygtady.
Şu jähetden döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetkia toplumynyň sazlaşykly ösüşini, Türkmenistanyň global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ilerlemegini şertlendirýän daşary ýurt maýadarlaryny işjeň çekmäge ýardam etjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlary jemläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramyna hem-de mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanan esasy çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara we baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylyň on aýynyň netijelerini häsiýetlendirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösendigini we halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça önümçiligiň möçberleriniň yzygiderli artandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Hasabat döwründe zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandy. Şu döwürde köp sanly önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Ýylyň ahyryna çenli iki aýa golaý wagt galdy. Şoňa görä-de, şu döwürde täze – 2013-nji ýyly oňat netijeler bilen garşylamak üçin, biz örän köp işleri etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynda berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly maksatnamanyň beýan edilendigini ýatladyp, öňde durýan wezipeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýmagy we bilim ulgamynda mundan beýläk-de özgertmeleri geçirmegi talap edýär diýip nygtady. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek adamlardan täzeçe pikirlenmegi, ýolbaşçylardan bolsa, ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman işlemegi hem-de tabşyrylan iş üçin ýokary jogapkärçiligi duýmagy talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi.
Şoňa görä-de, 2013-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny häzirden taýýarlamak möhümdir. Bu meýilnamada ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilmelidir. Şeýle hem, ykdysadyýetimizi üýtgedip guramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmäge, senagaty giňden ösdürmäge, ähli pudaklarda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, obalarda we kiçi şäherlerde has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny giň gerim bilen gurmaga uly üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze ýylda her bir ministrligi we pudak edarasyny ösdürmegiň maksatnamasy düzülende 2013-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetinden we Prezident maksatnamasyndan ugur alynmalydyr. Soňra ministrliklerde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirilip, bu maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň her bir pudagy ösdürmek boýunça taýýarlan umumy maksatnamasyna bolsa, biz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde jikme-jik serederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipeleri anyklaşdyryp, wise-premýer R.Meredowa degişli tabşyryklary, hususan-da, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlaryny gowy taýýarlamak,Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlislerini guramaçylykly geçirmäge, halkara maslahatlaryny guramaga, şeýle hem Türkmenistanyň Milli baýramyna Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe ýüzlenip, şähergurluşyk ulgamynda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze taslamalaryň, şeýle hem awtomobil ýollarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, zerur bolan halatynda daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň adyna tankydy bellikleriň birnäçesini aýdyp, oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda haýsy welaýatda gowaçany, haýsy welaýatda bolsa däneli ekinleri we beýleki oba hojalyk ekinlerini näçe möçberde ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny anyk kesgitlemegiň hasabyna ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz maldarçylygy ösdürmäge degişli meselelere ünsi çekip, ýurdumyzda mallaryň we guşlaryň sanyny artdyrmak, maldarçylyk fermalaryny dikeltmek, olary isleg bildirýän kärendeçilere satmak ýa-da uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşyp, kärendä bermek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Wise-premýerler A.Ýazmyradowa, B.Hojamuhammedowa Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji desgalary gurmak tabşyryldy. Munuň özi Balkan welaýatynda mes toprakly ýerleri özleşdirmek we degişlilikde içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek üçin zerurdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, welaýatlarda bu pudagyň kärhanalary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak möhüm wezipeler bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, R.Seýitkulyýewe «DemirgazykGünorta» demir ýoluny dekabr aýynda işe girizmek üçin ähli çäreleri görmek bilen baglanyşykly görkezmeler berildi. Bu demir ýol ähli görkezijileri boýunça, şol sanda otlularyň gatnawynyň tizligi boýunça hem halkara ölçeglerine laýyk gelmelidir.
Şeýle hem wise-premýere «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Aragatnaşyk ministrliginiň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, bu ugurda häzirki döwürde käbir işleriň ýerine ýetirilendigini – Döwlet ösüş bankynyň, Senagatçylaryň we telekeçileriň bankynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykdy, milli Liderimiz ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek, hususylaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, pudaklarda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, aýry-aýry edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga we gozgalmaýan emläk biržalaryny döretmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin bölünip berlen 10 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini doly ulanmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi, şeýle hem gözegçilik edýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işinde bar bolan beýleki kemçilikleri hem aradan aýyrmagy talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söwda ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ulgamy ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Milli Liderimiz öňümizdäki baýramçylyklar, şol sanda Täze ýyl baýramy bilen baglanyşykly meselä degip geçip, eýýäm häzirden teleradioýaýlymlarda baýramçylyk reportažlaryny, täsirli gepleşikleri, Täze ýyl baýramy bilen bagly studiýalary taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Wise-premýer B.Nurmyradowa milli medeniýetimizi ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýän, oňat enjamlaşdyrylan teatrlary we köşkleri netijeli ulanmak babatda degişli tabşyryklar berildi.
Wise-premýerler B.Hojamuhammedowa, Ý.Kakaýewe ýurdumyzda gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak tabşyryldy.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini üýtgedip gurmak, bu pudaklar üçin ökde hünärmenleri, şol sanda häzirki zaman bilimlerini gowy ele alan täze,ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak boýunça yzygiderli iş alyp barmak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, olara gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.
öňki habar