6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýylyň parlak ýyldyzy.

Maslahat köşgünde ýaşlaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy-2014” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, oňa ýurdumyzyň teletomaşaçylarynyň we radiodiňleýjileriň köpçüliginiň pikiri boýunça has mynasyp görlenler, şu ada mynasyp bolmak ugrunda bäsleşýänler, şeýle hem köpsanly adamlar ýygnandylar. Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň tanymal estrada aýdymçylary, saz sungatynyň ussatlary bar. 

“Ýylyň parlak ýyldyzy” – ýaş aýdymçylaryň bäsleşigi – indi 6-njy gezek geçirilýär. Bu bäsleşik her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralýar. Her gezek bu döredijilik çärelerine diňe bir ýurdumyzyň şäherlerinden däl-de, eýsem obalaryndan-da zehinli aýdymçylar gatnaşýarlar, çünki ýerlerde özboluşly zehinli ýaşlar elmydama az bolmaýar. Olaryň käbiri ýerli çeper höwesjeň hökmünde belli bolsa, käbiri eýýäm uly sahnada çykyş edip, tejribe toplady, beýlekiler bolsa – döredijilik boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Bularyň arasyndan geljegine uly umyt baglanýan hem-de aýdym aýtmak ukyby bilen tapawutlanýan we märekäniň ünsüni çekýän dalaşgärler saýlanyp alyndy. 



Olara “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Şu döwürde teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary boýunça olaryň zehinine baha berip, SMS arkaly aýdymçylaryň haýsy-da bolsa birine öz seslerini berdiler. Sesleriň sany boýunça sabyrsyzlyk bilen garaşylan jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň 10-sy kesgitlenildi. 

Indi olar üçin has jogapkärli tapgyr başlandy, olar öz muşdaklarynyň ynamyny ödäp, paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň uly zalynda, baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen sahnadaky Täze ýyl arçasynyň ýanynda, talap ediji we şol bir wagtyň özünde hoşniýetli märekäniň öňünde çykyş edip, öz ukyplaryny görkezmeli boldy. 

Birkemsiz bezelen zalda Türkmenistanyň medeniýet işgärleri – artistler, aýdymçylar, kompozitorlar, şahyrlar we sazandalar ýygnandylar. Şeýle olaryň arasynda öňki ýyllarda şeýle bäsleşiklerde üstün çykanlar bar. Şol gün agşam olaryň ählisi hem tomaşaçylar hem emin agzalary boldular. Olaryň her biriniň sesi “Ýylyň parlak ýyldyzy-2014” atly bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

Bäsleşigiň şertlerine görä, jemleýji tapgyrda dalaşgärler iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Şunuň ýaly synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny, märeke bilen gatnaşygy sazlamagy başarmagyny äşgär etmäge mümkinçilik berdi. Şunda zala ýygnananlaryň makullap, şowhunly el çarpmagy çykyş edýänlere degerli goldaw berdi. 

Aýdym-sazly bäsleşik birnäçe sagatlap dowam etdi. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, tanymal artistler öz oý-pikirlerini aýdyp, maslahat berdiler. Soňra tomaçylar belgili ýörite kartoçkalar arkaly ses berdiler. Sesler sanalýan pursady sahnada ýetip gelýän Täze ýyla, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. 

Şeýlelikde, sesleri sanamak tamamlandy we alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bu döredijilik bäsleşiginde Nurgözel Nyýazberdiýewa ýeňiji boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy. 

Bäsleşigiň ýeňijisine “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly göçme kubok we höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, birinji we ikinji orunlary eýelänler üçin sylaglar göz öňünde tutuldy. Bu orunlary degişlilikde Ahmet Atajanow we Mähri Pirmedowa eýelediler. 

Türkmen saz sungatynyň ussatlarynyň, milli sungatyň ykrar edilen ussatlarynyň döredijilik öwgüsine eýe bolmak, gözlegler we üstünlikler baradaky arzuwlary ýaş artistleriň geljegine badalga berdi. Çykyş edenler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin üns bermegi netijesinde döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ukyplaryny äşgär etmek üçin ýaş türkmenistanlylara ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilendigini aýratyn bellediler.

Degişli makalalar

Türkmen Bilbiline Bagyşlanýar: Medeniýet Şahberdiýewanyň Hatyrasyna

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Russiýayň Daşary İşler Ministrini Kabul Etdi

syrach