Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurtda baýramçylyk dabaralary, dürli tomaşalar, çagalar we ulular üçin guralýan şadyýan sahna oýunlary giň gerime eýe body. Şeýle hem ýylyň jemi boýunça täze ýaş zehinleri ýüze çykarýan dürli çeperçilik bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň estrada aýdymçylarynyň arasynda guraýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigidir.
Bäsleşik bütin ýyl dowam edip, şu döwürde ýurdumyzyň teletomaşaçylary we radio diňleýjileri estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlaryna mynasyp baha bermäge mümkinçilik aldylar. Bu çäräniň dowamlylygy we oňa giň diňleýjiler köpçüliginiň çekilmegi bäsleşikde estrada żanrynyň belli wekilleriniň gatnaşygyny üpjün etdi. Olaryň arasyndan iň mynasybyny saýlamak ýeňil iş däl. Çünki ýüze çykarylan zehinli ýerine ýetirijileriň sany juda köp boldy. Ýöne, köp sanly hatlaryň, telegrammalaryň, şeýle hem milli tele we radio ýaýlymlara gelip gowuşýan telefon jaňlarynyň netijesinde ýaş aýdymçy Begmyrat Annamyradow ýeňiji body. Ol ýurdumyzyň dürli künjekleriniň diňleýjileriniň köp sanlysynyň hormatyna mynasyp boldy.
Ol bäsleşigiň döwründe köp sanly ses gazanyp, «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýaş zehinli aýdymçy D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlady we ol türkmen tomaşaçylaryna giňden bellidir. Onuň köp sanly aýdymlary şu möwsümde ýokary derejä eýe boldular. Olaryň arasynda «Watanym» we «Siz, Arkadag» atly aýdymlary B.Annamyradowa uly abraý getirdi. Munuň özi ýöne ýerden däl. Ol aýdymlaryň goşgularyny ajaýyp türkmen şahyry Gözel Şagulyýewa ýazdy. Şahyryň duýga beslenen setirleri täze Galkynyş eýýamynyň – uly özgertmeler we döredijilik ýokary göteriliş eýýamynyň döredijilik ruhunyň özboluşly keşbini beýan edýär. Ol eserlerdäki beýik ruhy Begmyrat Annamyradow saza geçirmäge çalşypdyr. Şunlukda ol täze aýdymlaryň hem kompozitory, hem ýerine ýetirijisi boldy.
Begmyrat özüniň döredijilik ýoluna ýaňy başlady. Bu gezekki bäsleşikde ýeňiş gazanmagy onuň ilkinji üstünlikleriniň biridir. Annamyradowlaryň maşgalasynyň dürli nesillerinde ussat bagşy-sazandalar az däl, bu hem ýaş ýerine ýetirijiniň döredijilik ösüşini we saz äleminde özüni ykrar etmegini şertlendirdi. Ol çagalyk döwründen gözellige, halk sazlaryna, nusgawy aýdymlara maýyl boldy. Begmyrat häzirki döwürde hem özüniň döredijiliginde ýerine ýetirijiligiň milli däpleri bilen häzirki zaman owazynyň sazlaşygyny gazanýar we oňa täze öwüşgin hem-de ýaş diňleýjiler üçin özboluşly äheň berýär.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň geçirilmegi biziň hormatly Prezidentimiziň döredijilik ukyby bolan ýaş ýerine ýetirijileriň ösmegine gönükdirilen köptaraply aladasynyň we ünsüniň aýdyň beýanydyr diýip, Begmyrat Annamyradow TDH-niň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. Häzirki döwürde Türkmenistanda bolup geçýän öňyn özgertmeler her bir adamyň mümkinçiliklerini dolulygyna açyp görkezmek üçin oňyn şertleri alamatlandyr diýip, ýaş bagşy sözüni dowam edýär. Ýaş ýerin ýetirijileriň baş wezipesi bolsa özüniň ukyby bilen mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna zähmet çekmek hem-de eşretli durmuşda ýaşamak bagtynyň miýesser edendigini duýup, ony wasp etmekden ybaratdyr.
– Şu gün meniň kalbym hoşniýetli duýgulardan püre-pür. Meniň biziň ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýetine goşýan kiçijik goşandym watandaşlarymyz tarapyndan uly baha mynasyp boldy. Men munuň üçin ähli diňleýjilere, meni goldanlara özümiň tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimi beýan edýärin. Şeýle giň köpçüligiň meni ykrar etmegi ruhumy göterýär we köp zatlara borçly edýär. Men adamlara şatlyk paýlamagy arzuw edýärin we özümiň aýdymlarym bilen olaryň ýüreklerini ýylatmak isleýärin. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylhamyň joşmazlygy mümkin däl. Ägirt uly özgertmeler eýýamy biz, ýaşlaryň öňünde iň nurana geljegi açýar. Biz bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa biz üçin döredilýän ähli şertler we zehinimiziň hem-de ukybymyzyň höweslendirilýändigi üçin sag bolsun aýdýarys. Biziň ýurdumyzda kaşaň sungat binalary gurulýar, bäsleşikler, festiwallar geçirilýär. Opera we simfoniki sazlar täzeden dikeldilýär. Hut şonuň üçin hem biziň ajaýyp eýýamymyzy – täze Galkynyş eýýamyny ruhy göterilen döredijiligiň we ýurdumyzyň medeniýetiniň rowaçlygynyň döwri diýip arkaýyn atlandyrsa bolar diýip B.Annamyradow sözüni jemledi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm