Mähriban Watanymyzyň raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, ýurdy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda beýik syýasat, amala aşyrylýan belent işler durýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň, halkynyň bähbitlerine laýyk gelýän parasatly döwlet syýasaty eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi.
Türkmenistan halkara tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän meselelere aýratyn üns berýär. Şol tagallalar bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meseleleri çözmäge hem gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, belent ynsanperwer maksatlary hem-de gymmatlyklary ykrar etmek bilen, bu ugurda köp sanly halkara şertnamalara we konwensiýalara goşuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hemişelik agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirýär we netijeli çäreleri görýär.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, geçen ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde jemi 25 müňden gowrak adam ýurdumyzyň raýaty boldy. Munuň özi ynsanperwerligiň aýdyň mysaly, ýurdumyzyň halkara hukugyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň oňyn nusgasy we migrasiýa syýasatynyň meselelerini netijeli çözmegiň nobatdaky dabaralanmasydyr. Raýatlylyk hukuk ýagdaýy döwlet bilen raýatyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklarynyň jemidir. Bu arabaglanyşyk esasynda döwlet raýatlaryna anyk hukuklary we azatlyklary kepillendirýär hem-de olaryň döwletiň öňündäki borçlaryny kesgitleýär.
Alnyp barylýan ynsanperwer syýasat netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dürli sebäplere görä ýurtlarynyň çäklerinden gitmäge mejbur bolan birnäçe goňşy we beýleki döwletleriň raýatlarynyň ikinji watanyna öwrüldi. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de ynsanperwerligiň milli däplerine eýerilip, ýurdumyzda bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin hemme şertler döredilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň we hyzmatdaşlygynyň özenini düzýär. Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylyk döredijilik we ynsanperwer pikirleri daşary syýasatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň esasynda dünýä ykraryna eýe bolýar.
Ynsanperwerligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryna: goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, adam hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goralmagyna laýyk gelýär. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, migrasiýa we beýleki durmuş ulgamlarynyň ynsanperwer ugurlar hökmünde bellenilmegi bu babatda hyzmatdaşlygyň köpugurlylygyny görkezýär. Bu ugurlardaky umumy meseleleri BMG we onuň degişli düzümleri bilen bilelikde arkalaşykly çözmekde ýurdumyz oňyn tejribe toplady.
Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda»: «Türkmenistan üçin ynsanperwer meseleleri çözmekde ysnyşykly, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy köp ýyllaryň dowamynda emele gelen tejribedir. Bu hyzmatdaşlyk özüniň netijelidigini, uzak möhletleýin bähbitlere, halkara bileleşigiň strategik maksatlaryna laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi» diýlip kesgitlenen. Konsepsiýada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistan Merkezi Aziýada Apatridleriň derejesi hakyndaky we Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýalara goşulyşan ilkinji ýurt hökmünde mundan beýläk-de bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalara ýardam bermäge gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barmagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistan dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Raýatsyzlygy azaltmak boýunça alnyp barylýan işler abadançylygy ýola goýmagyň ygtybarly usuly hasaplanýar we ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak babatda daşary syýasatyny dabaralandyrýar.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Çeşme: metbugat.gov.tm