13.9 C
Aşkabat
23.11.2024
DURMUŞ

Ýol Boýundaky Şäher

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap merkezini şeýle atlandyrýarlar, Hemişe bolşy ýaly, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň “Halk – bu bu bir daragt, onuň kökleri bolsa – onuň taryhy. Kök bolmasa agaç hem bolmaýar, taryhy bolmasa – halkyň özi hem bolmaz, diýen sözleri bu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen halkynyň arasynda ýene-de bir “Könesi bolmadygyň – täzesi bolmaz” diýen pähim hem bar. 

Murgap sebiti – özüniň owadanlygy bilen özüne çekýän aýratyn özboluşly sebit. Mes toprakly, gadymyýetiň gaýtalanmajak ýadygärlikleri ýerleşýän, ajaýyp binagärlik sungatly, baý medeniýetli sebit. Gündogar bilen Günbatary birleşdirmek bilen, Beýik Ýüpek ýoly geçen syrly toprak. Onda durmuş gaýnap joşupdyr, kerwen saraýlar gurlupdyr, ösen şäherleri bolupdyr. 



Uly bolmadyk, Murgabyň kenarynda bagy-bossanlyga bürenip oturan Ýolöten şäheriniň baý taryhy we medeniýeti bar. Ol asyryň ortalarynda döremek bilen, Mehtiabat, Ýüpek Ýolöten, Babyşgala, Egri, Inçe ýaly birnäçe ada eýe bolupdyr.1898-nji ýylda Zakaspiý demir ýolunyň Guşgy şahasynyň gurulýan wagtynda bu ýerde Ýolöten stansiýasy esaslandyrylýar. Ol tiz wagtdan raýon merkezine öwrülýär. 1939-njy ýylda Ýolötene şäher derejesi berilýär. Häzirki wagtda Ýolöten etrabynda 130 müňden gowrak adam ýaşaýar. Olar 24 milletiň we halkylygyň wekilleri bolmak bilen, öz dillerini, medeniýetini, däp-dessurlaryny saklap gelýärler we türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine uly hormat goýýarlar. 

Ýolöten etrabynyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň 33-si ýerleşýär, olaryň bäşisi “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasynyň desgalarynyň sanawyna goşulandyr. Olar Talhatanbaba kümmet-metjidinden, Ymambakyr Muhammediň Kümmetinden, Ahunbaba kümmet medresesinden, Gammarbaba kümmetinden we Hoja Pursantbaba kümmetinden ybaratdyr. Olar diňe bir orta asyr binagärlik ýadygärlikleri bolman, eýsem zyýarat edilýän mukkades ýerlere öwrülendir. Olar baradaky rowaýatlar aýawly saklanyp, nesillerden nesillere geçirilp gelinýär, olar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, Türkmenistanyň taryhy boýunça okuw sapaklarynyň we ýakynda okuw sapaklaryna girizilen “Türkmenistanyň medeni mirasy” we “dünýä medeniýeti” okuw sapaklarynyň çäklerinde umumy bilim berýän orta okuw mekdeplerinde öwrenilýär. 



Haçan-da VIII asyrda Murgap sebitiniň çäklerine araplar gelende, olaryň arasynda pygamber hasap edilýän keramatly adam bolupdyr. Onuň ady Ibn Talh bolupdyr, halkyň arasynda ony Talhatanbaba diýip atlandyrylypdyr. 

Ol ölenden soňra onuň hormatyna gadymy Merwden 30 kilometr aralykda ýerli öwülýäde kümmet galdyrmaly diýlen karara gelinýär. Rowaýata görä onuň gümmezinde Medineden gelýän 40 kerweniň adamlarynyň suwsuzlygyny gandyryp biljek küýze goýlupdyr. Yslam medeniýetiniň bu ajaýyp ýadygärligine diňe bir Türkmenistanlylar däl, eýsem beýleki ýurtlardan hem zyýaratçylar gelýärler. Bu özüne çekiji keramatly ýer Talhatan Babanyň ruhy mirasynyň ölmez-ýitmezdigine we onuň zyýaratçylara örän uly täsiriniň bardygyna şaýatlyk edýär. 

Talhatanbaba metjidiniň ýakynynda musulmanlaryň uly hormat goýýan ýeri bolan Ymam Bakyr baba kümmeti ýerleşýär. Rowaýata görä ol Muhammet pygamberiň garyndaşy bolupdyr hem-de bäşinji ymam bolupdyr. VIII asyrda araplar bilen bilelikde ol Gadymy Merwe gelipdir we musulmanlaryň ruhanylar topragynda dini häkimiýeti amala aşyrypdyr. Onuň köp taraplaýyn we çuňňur bilimi üçin oňa musulman dünýäsinde uly hormat goýlupdyr. Ol bu dünýeden ötenden soňra onuň jaýlanan ýerinde kümmet galdyrylypdyr, kümmet wagtyň geçmegi, mongol basybalyjylarynyň we timuridleriň çozuşlary sebäpli dürli weýrançylyga sezewar bolupdyr. Kümmetiň dikeldilmeginde türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň orny örän ulydyr. 

Talhatanbaba metjidiniň ýakynynda ýerleşýän Hojageldi ahun medresesi hem türkmen binagärlik sungatynyň ajaýyp ýadygärligi bolup durýar. Ol halkyň arasynda Kyrkgümmez diýlip atlandyrylýar. XIX asyrda ýaşap geçen Hojageldi ahun magaryfçi bolupdyr we çagalara sowat öwredipdir. Geljekki halypa Buharada bilim alýança onuň kakasy Abdyrahym öz serişdeleriniň hasabyna laýdan 40 gümmezli medrese gurdurýar. Onuň galyndylary häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Hojageldi Baba medresede okadypdyr. Munuň üçin ol Ahun diýen dini derejä eýe bolupdyr. Medresäniň ýanynda alymlar geňeşi işläpdir, minaraly metjit bolupdyr. Onuň baý kitaply kitaphanasy bolupdyr, bu kitaplaryň köp bölegi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna berlipdir. Hojageldi Ahun 1917-nji ýyla bu dünýeden ötüpdir. Onuň hormatyna bu ýerini Ahunbaba diýip atlandyrypdyrlar, onuň mirasdüşerleri bolsa medresäniň golaýynda onuň adyny göterýän kümmet gurupdyrlar. 



Gammarbaba kümmeti ýolötenlileriň buýsanjy we medeni mirasyň ýadygärligi bolup durýar. Ol saz sungatynyň düýbüni tutan we hemaýatkäri bolan ady rowaýata öwrülen adamyň hormatyna gurlupdyr. Rowaýatlaryň birnde aýdylşy ýaly, Gammar tut agajyndan ýasalan we kirişleri ýüpek sapagyndan bolan dutar çalypdyr. 

Soňra Gammaryň okuwçylary – bagşylar köpelipdir. Olar ýerine ýetirijilik mekdebinde dessan aýtmagyň başlangyjyny öwretmek bilen, dutarda aýdym aýtmak we dutar çalmak sungatyny halka ýetiripdirler. Olardan bagşy Gurt Ýakubowy, Öwezdurdy Welmämmedi we Oraz Bagbekowy görkezmek bolar. Olaryň atlary Ýolöteniň köçelerine dakylyp, ebedileşdirilendir. 

Ýolöten etrabynda 2010-njy ýylda Bagşylar öýi, Bagşylar öý-muzeýi, çagalar sungat mekdebiniň ikisi açyldy. Häzirki wagtda çagalar sungat mekdebiniň sazçylyk we çeperçilik bölümlerinde çagalaryň 480-si okaýar. Ýakynda Ýolötende we Talhatanbabada medeniýet öýleriniň ikisi guruldy we ulanmaga berildi. Umuman etrapda medeniýet öýleriniň onlarçasy bar. Olarda türkmen halkynyň medeni mirasynyň gaýtadan dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna we ýaýradylmagyna şertleri döredýän konsertler, aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň döredijilik festiwallary geçirilýär. 

Ýolötenliler biziň jemgyýetimiziň ruhy esaslaryny döredýän milli taryha we medeniýete uly hormat goýýarlar. Häzirki wagtda taryhy we medeni muzeýi döretmek barada işler alnyp barylýar. Bu başlangyç bilen taryh we medeni miras mugallymy Meretguly Derýaýew çykyş etdi. Ol 45 ýylyň dowamynda mugallym bolmak bilen, şeýle hem Aşgabat we Sankt-Peterburg şäherlerinde işlemek bilen, bu sebite degişli örän köp taryhy we ülke materiallaryny toplady. 

Ýolöten etrabynda medeni mirasa sarpa goýmak babatda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bu köp ugurly iş türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sazlaşykly ösmegine, olary ruhy-ahlak gymmatlyklar bilen tanyşdyrmaga, esasyny türkmen halkynyň aç-açanlygy we parahatsöýüjilikli ýörelgesini düzýän ata watany söýmäge, baý taryhyny, ajaýyp we özboluşly medeniýetini bilmäge, däp-dessurlara aýawly garamaga gönükdirlendir.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Täze Desgalar Ulanylmaga Berildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Oba Hojalygyny Durnukly Ösdürmäge Gönükdirilen Halkara Taslamasynyň Üçünji Tapgyry Başlandy

turkmenhabargullugy

“Türkmenhaly” Döwlet Birleşigi Döredildi

turkmenhabargullugy