Yragyň Hökümeti nebit çykarylyşyny çäklendirmäge taýýar, diýip ýurduň premýer-ministri Haýder al-Abadi beýan etdi, diýip РИА Новости habar berýär.
«Hawa, biz önümçiligi çäklendirmäge razylyk berdik. Yrak bu wezipä eýerer, çünki nebitiň häzirki bahalary durnuksyz. Şeýlelik bilen, biz … öz önümçiligimizi çäklendirmäge taýýar» diýip ol Associated Press agentligine interwýusynda beýan etdi.
«Beýlekiler babatda aýdylanda, olar hem şular ýaly borçlary öz üstüne almaly. Netijede, meniň düşünişime görä, nebit önümçiligi bir günde 0,9-1,2 million barrele çenli azaldylar. Nebitiň bahalaryny ýene-de ýokarlandyrmak üçin bu ýeterlikdir» diýip al-Abadi habar berdi.
Premýer ministriň pikirine görä, bu çözgüt nebitden alynýan girdejini artdyrmaga düýpli ýardam eder. «Biziň hasaplamalarymyza görä, nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy, her barrel nebit üçin bir ýollar biziň býujetimize 1 milliard dollar getirer. Şonuň üçin hem men önümçiligi çäklendirip bahalary galdyrsak has köp girdeji alarys diýip hasaplaýaryn» diýip ol aýtdy.
Şu gün Wenada OPEC-iň resmi duşuşygy geçiriler. Onda gurama nebit çykarylyşyny çäklendirmek meselesini gutarnykly ýagdaýda çözüp biler. Sentýabryň ahyrynda OPEC Alžirde geçen resmi däl duşuşygynda häzirki wagtda günde 33,24 million barrel möçberliginde nebit çykarmaklygy günde 32,5-33 million barrele çenli çäklendirmegi ylalaşdy. Emma guramanyň her bir agza döwleti üçin çäklendirmäniň anyk möçberi heniz ylalaşylmandy.