2015-nji ýylyň 27-28-nji maýynda Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 42-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlise gurama agza bolan 57 ýurduň Daşary syýasat edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, wekiliýetleri gatnaşdy.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu ýygnagynda esasan ekstremizme garşy göreş, terrozrizmi ýok etmek, hoşniýetli hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
Bu ýygnakda Türkmenistanyň Daşary işler ministri çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň Bitaraplyk ýörelgesi esasynda, dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmeklik baradaky pikirleri beýan edildi.
Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklikde, ähli dünýä jemgyýetçiliginiň, hususan-da Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň özüniň ýokary abraýyndan peýdalanyp, işjeň gatnaşmaklygy soraldy. Şol bir wagtda, Owganystana ykdysady taýdan ýardam bermeklik, onuň sebitde integrirlenmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän syýasaty we alyp barýan anyk işleri barada nygtalyp geçildi.
Çykyşyň dowamynda, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden we mümkünçiliklerinden peýdalanyp, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmeklik ugrunda bilelikdäki işleri geçirmeklik teklip edildi. Hususan-da bosgunlara ýardam bermek ugurlarynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada aýdylyp, Türkmenistanyň bu ugurdaky oňyn tejribesi hökmünde 2012-nji ýylda Bosgunlar musulman äleminde atly geçirilen halkara maslahaty mysal getirildi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň wekiliýeti iş saparynyň dowamynda Azerbaýjanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Palestina Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Malaýziýanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Yrak boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň ýokardaky agzalan döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmeklik ýaly meselelere garaldy.