8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Yslamabatda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk Syýasaty Atly Ylmy Maslahat Geçirildi

Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy PYR-nyň Parahatçylygy we diplomatiýany öwreniş instituty, Pakistanyň Siwilizasiýalar Jemgyýeti bilen bilelikde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty” atly ylmy-amaly halkara maslahaty geçirdi.

 Maslahatyň işine PYR-nyň Premýer-ministriniň milli howpsuzlyk we daşary işler boýunça Geňeşçisi, PYR-nyň Daşary işler ministri Sartaj Aziz, PYR-nyň Milli Assambleýasynyň Daşary syýasat boýunça Hemişelik Komitetiniň Başlygy Sardar Aýwaz Ahmad Han Legari, Pakistanyň Siwilizasiýalar Jemgyýetiniň, PYR-nyň Parahatçylygy we diplomatiýany öwreniş institutynyň agzalary, Yslamabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, alymlary we bilermenleri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, Pakistanda ýaşaýan türkmenler, şeýle hem PYR-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň DIM-niň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi S.K.Berdinyýazow çykyş etdi. Öz çykyşynda ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň esasy ýörelgelerini beýan etdi, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň geçen ýoly, ykdysady üstünlikleri we sebitde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hakynda gürrüň berdi.

Öz çykyşynda PYR-nyň Daşary işler ministri Sartaj Aziz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary nygtap geçmek bilen ol, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi. Ol şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň Merkezi Aziýanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynyň parahatçylygyna we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam etjekdigini belläp geçdi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ilçisi A.H.Möwlamow Pakistanyň ýolbşçylaryna we halkyna Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň sammitinde başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky” ýorite rezolýusiýany goldandyklary we awtordaşy bolup çykyş edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.M.Aýdogdyýew çykyş etdi we ol öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eden Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hormatly Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynyň saýasynda Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ugruna we mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýokary baha berdiler. Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýeti üçin hem möhüm tapgyr boldy.

Jemleýji mejlisde PYR-nyň Milli Assambleýasynyň Daşary syýasat boýunça Hemişelik Komitetiniň Başlygy Sardar Aýwaz Ahmad Han Legari çykyş etdi we ol 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we oňyn gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynsanperwerligiň ýokary maksatlarynyň we ýörelgeleriniň özboluşly nyşany bolup durýandygyny belläp geçdi. Şu gatnaşykda halkara ylmy-amaly maslahat iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara şaýatlyk edýän ähmiýetli waka bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde Bitarap we Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýetini we ýeten sepgitlerini görkezýän wideoşekiller görkezildi.

Maslahat tamamlanandan soňra çärä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hormatyna agşamlyk nahary berildi we onuň barşynda dünýäniň häzirki zaman ösüşiniň aýratynlyklary we onda Türkmenistanyň eýeleýän orny hakynda bilrmenleriň ara alyp maslahatlaşmalary dowam etdirildi.

 Şol gün Pakistanyň döwlet telewideniýesi we köpsanly hususy ýaýlymlar geçirilen maslahat hakynda wideohabarlary görkezdiler. Pakistanyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda 16 sany iňlis, urdu we puştu dilli gazetlerinde maslahatyň suratlary we makalalary çap edildi. 

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ählumumy Logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlangyçlary

turkmenhabargullugy

Prezidentimiziň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň arasynda gepl

syrach

Neşe Serişdeleriniň Dolanşygyna Gözegçilik Etmek Ulgamynda Sebitleýin Hyzmatdaşlyk

syrach