„Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Senagat ministrliginiň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde olaryň öndürlrişini özleşdirdiler.
„Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýeti bäsleşige ukyply, ýokary tilsimatlar bilen üpjün edilen,ekologiýa taýdan arassa elektron we eletrotehnika senagatyny kemala getirmäge, içerki we daşarky bazara niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu işi Senagat ministrligi Ylymlar akademiýasydyr beýleki pudaklaýyn edaralar bilen utgaşykly alyp barar.
Türkmenistanyň elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň açylanyna bary-ýogy birnäçe aý boldy. Häzirki wagtda kärhanada iş orunlarynyň 80-si döredildi, iki çalşykda lampa öndürmek ýola goýuldy. Telekeçiler diňe bir ýagtylyk çeşmesini taýýarlamakdyr ýygnamagyň tilsimatlaryny özleşdirmän, eýsem olaryň görnüşini-de artdyrdylar. Indi günde 3 wattdan 24 watta çenli, ýagny öňki lampalaryň 40-dan 240 wattyna deň gelýän çyralaryň 17-24 müňüsi çykarylýar.Kärhanada öndürilýän Led-lampalar Hytaýdan getirilýän diodly lampalara görä taýýarlanylýar.
Bu çyralaryň platasyndan beýleki bölekleri Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden taýýarlanýar. Kärhanada termoplastawtomatlaryň altysy bolup, olarda çyralaryň gabarasy we kolbasy taýýarlanylýar, olar bu ýerde ýygnalyp, synagdan geçirilensoň gaplanylýar.
„Aýdyň gijeler“ kärhanasynyň önümleri ozal ulanylyp gelinýän çyralaryň ornuny çalýar, çünki diodly lampalar iň ýokary netjeli we ekologiýa taýdan kämil lampalaryň biridir. Onuň önümçiliginde howpsuz zatlar ulanylýar. Onuň elektrik toguny az harç edýänligi-de ýene bir artykmaçlygydyr, özem 20000 sagat we ondan-da köp wagt ulanyp bolýar. Ýerli çig mal ulanylp çykarylýan LED-lampalaryň bahasy daşary ýurtlaryň önümlerinden has arzandyr.
Wladimir KOMAROW