9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ýurdumyzyň Çagalar Sagaldyş Merkezlerinde Tomusky Möwsüm Başlandy

Şatlyk-şowhuna beslenen çäreler tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny alamatlandyrdy — ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ajaýyp Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugraýan körpeleri ugratmak dabarasy paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli Çagalar we ýetginjekler köşgüniň körpeleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olar özleriniň çykyşlary, joşgunly aýdymlary we tanslary bilen dynç alşa ugraýan çagalara möwsümi şatlykly geçirmeklerini, täze dostlar tapynmaklaryny arzuw etdiler. 

Ugradyş dabarasyna saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar we paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

Dabara gatnaşyjylar çagalara ak ýol arzuw edip, körpeler üçin bagtyýar durmuşyň üpjün edilmegi, olaryň zehinlerini we ukyplaryny açyp görkezmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nygtadylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyz boýunça iň täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriniň, lukmançylyk edaralarynyň, sport we medeni-dynç alyş merkezleriniň köpçülikleýin gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. 



Çagalaryň göwnejaý dynç almaklary we wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin niýetlenen çagalar sagaldyş merkezleri ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýelenmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu ýerde köp sanly oýunlaryň, sport bäsleşikleriniň, çeperçilik sergileriniň, köp öwüşginli festiwallaryň, dürli medeni çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Olara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli çagalar barha işjeň gatnaşýarlar. Çünki çagalaryň bagtyýar durmuşy, olara degişli derejede bilim-terbiýe bermek jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýakyn geljekki ösüşiniň möhüm kepili bolup durýar. 

Serdar şäheriniň golaýynda täze “Dürdäne” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň gurlup, ulanmaga berilmegi körpe nesillere ajaýyp sowgat boldy. Ol milli Liderimiziň ýaş nesiller baradaky atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr. Dag jülgesiniň ajaýyp ýerinde ýerleşen bu merkeziň açylyş dabarasyna okuw ýylynyň tamamlanan güni bolan 25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda çuňňur many bar. Şeýle hem bu merkez şu gün ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. 

Şu ýylky tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji bölüminde 14 çagalar sagaldyş merkezi ýerleşýän Gökderede mekdep okuwçylarynyň ýedi müňden gowragy bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa 1 müň 780 çaga dynç alar. Mundan başga-da, tutuş ýurdumyz boýunça dynç alyş meýdançalarynyň 700-den gowragy hereket eder. 

Çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde kompýuter boýunça, daşary ýurt dillerini öwrenmek, boş wagtlaryny peýdaly geçirmek üçin mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamak boýunça okuw-usulyýet maslahatlary guraldy. Mugallymçylyk hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň ýüzlerçesi asylly däbe görä, terbiýeçileriň kömekçileri bolarlar, olar üçin şunuň ýaly okuw-önümçilik tejribesi hünär derejesini ele almak babatynda möhüm ähmiýete eýedir. 

Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilelikde çagalaryň dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Şeýle hem merkezlerde anyk ugurlar boýunça çäreleriň hepdelik tertipnamasynyň düzülmegi aýratyn bellärliklidir. Muňa laýyklykda, duşenbe güni Taryh we ülkäni öwreniş güni, sişenbe — döredijilige we sungata degişli gün, çarşenbe — Ekologiýa meselelerine bagyşlanan, penşenbe — Söýgüli kitaplaryň güni, anna — Sport we sagdynlyk güni, şenbe güni ene-atalar we dynç alýanlaryň ýakynlary üçin açyk gapylar güni diýlip yglan edildi. 

Merkezlerde geçirilen her bir günüň çagalaryň isleglerine laýyklykda, dürli güýmenjelere, bäsleşiklere, duşuşyklara, sahnalaşdyrylan çykyşlara, edebi okaýyşlara, sport we paýhas bäsleşiklerine, konsertlere beslenjekdigi, çagalar kitaphanalarynda göçme sergileriň guraljakdygy bellärliklidir. Mundan başga-da, Döwlet sirkiniň we Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri ýörite çykyşlary we sahna oýunlaryny taýýarladylar. 

Gökderede dynç alýanlar üçin taýýarlanylan maksatnama paýtagtymyza we onuň gözel ýerlerine gezelençler, Janly tebigatyň milli muzeýine, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähine, “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna we Paryzdepä syýahatlar girizildi. Ýangyn howpsuzlygy we ýol hereketiniň kadalaryny öwrenmek boýunça okuwlary geçirmek hem göz öňünde tutulýar. 

…Tomusky dynç alyş möwsüminiň açylmagy mynasybetli guralan dabara çagalary döwrebap derejede bezelen awtobuslara ugratmak çäresine utgaşdy. Ene-atalar we dostlar dynç almaga gidýän çagalara ak ýol arzuw etdiler. Ulag kerweni türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan jana şypaly Gökderä tarap ugur aldy. Şol ýerde çagalara belli artistleriň, medeniýet işgärleriniň, çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik we baýramçylyk çäreleri garaşýar. 

Şu gün Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çagalar dynç alyş merkezlerinde hem tomus möwsüminde ilkinji dynç aljak çagalary garşylamak çäreleri geçirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Döwlet Bilen Halkyň Jebisligi Eziz Diýarymyzyň Rowaçlygydyr

turkmenhabargullugy

Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk

syrach

Iri Halyçylyk Toplumynyň Açylyş Dabarasy

syrach