7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Ussat Ýaş Aýdymçy-Sazandalary Belli Boldy

Ýurdumyzyň Ussat Ýaş Aýdymçy-Sazandalary Belli Boldy

Türkmen Milli konserwatoriýasynda sazçylyk sungat mekdepleriniň we TMK-nyň ýanyndaky ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Ýerlerden iberilen wideoýazgylar esasynda jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin dalaşgärleriň 137-si saýlanyp alyndy.

Bäsleşige gatnaşanlaryň aglaba bölegi fortepiano, kirişli, üflenip we urlup çalynýan hem-de halk saz gurallarynda güýjüni synadylar. 2012-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşikde çalynýan saz gurallarynyň sany ýylsaýyn artýar. Onuň guramaçylary milli sazandarlyk mekdebiniň täze neslini ýetişdirmegi niýet edinýärler.

Balkan welaýatynyň Ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň uçurymy Ogulgerek Hallyýewa kompozitorçylyk bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Ol öz döreden eserleriniň üçüsini: fortepiano üçin“Ädimler“ siklini, goboý, skripka we wiolençel üçin sýuitany, şeýle hem goboý we fortepiano üçin „Pursatlar“ pýesasyny teklip etdi. Eserleriň baryna emin agzalary ýokary baha berdiler.

Pianinoçylaryň arasynda Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Ajap Ilowa ýeňiş gazandy. Ol Bahyň prelýudiýasyny we fugasyny, Baýram Hudaýnazarowyň tokkatasyny, Ýozef Gaýdnyň sonatasyny we Frederik Şopeniň etýudynyň ussatlarça ýerine ýetirip, ýedi dalaşgäriň arasynda tapawutlandy. Halk saz gurallarynda saz çalmakda Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy, akkordeonçy Mekan Batyrow bilen Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň okuwçysy, plertrodutarçy Serdar Jumamyradow birinji orny paýlaşdylar.

Türkmen sazlaryny çalmak boýunça bäsleşikde Marynyň Ýo. Hummaýaew adyndaky ýörüteleşdirilen sazçylyk sungat mekdebiniň okuwçysy, dutarçy Söhbet Çopanow tapawutlandy. Üflenip we urlup çalynýan saz gurallarynda bäsleşenlerden Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy okuwçysy Maksat Annamyradow goboý çalyp beýlekilerden saýry geldi.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisine dabaraly ýagdaýda diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Mugallymlardyr konsertmeýsterler hem ýörüte diplomlar bilen sylaglanyldy. Dabaradan soň konserwatoriýanyň Uly zalynda ýeňijileiň çykyşy boldy. TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň ýokary ýyl talyby Aziza Agamyradowa Jakomo Puççininiň „Toska“ operasyndan Toskanyň ariýasyny ýerine ýetirdi. Onuň hoş owazy aýdymyna şowhunly el çarpmalar bilen ýokary baha berdiler.

-Gynansamam, bäsleşikde çykyş edenimde tolgundym-da, aýdymçylaryň arasynda ikinji orna düşdüm. Ýöne men ruhdan düşmeýärin, on adamyň arasynda ikinji ornam abraýly ýer, mundan beýlägem wokal sungatyny öwrenmegimi dowam etmekçi,-diýip Aziza aýtdy.

-Ýylsaýyn bäsleşigiň meşhurlygy artýar, şonuň bilen oňa gatnaşýanlaryň-da sany köpelýär. Biz sazandalaryň ýaş nesliniň başarnygyny anyklamagy we olaryň arasyndan üýtgeşik zehinlilerini ýüze çykarmagy maksat edinýäris. Eýýäm sazçylyk mekdepleriniň üçünji ýyl talyplary indiki ýylky bäsleşigiň şertleri bilen tanyşmak üçin bize ýüz tutup başladylar. Türkmenistanda milli aýdym-saz däpleriniň iň gowy ýörelgelrinde kemala gelen zehinli, maksada okgunly ýaşlaryň peýda bolmagy bizi guwandyrýar,-diýip Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ylym işleri boýunça prorektory Resul Amangeldiýew belledi.

Degişli makalalar

Lebap Welaýatynyň Magdanly Şäherinde Bezeg Materiallaryny Öndürmek Boýunça Kärhana Gurulýar

Welosipedçileriň Halkara Birleşiginiň (UCI) Wekilleri Bilen Wideo Aragatnaşyk Arkaly Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

T.C. Aşkabat Büyükelçiliği Konsolosluk Şubesinin Işleyişinde Yapılan Düzenlemeler