Awtomobillere ýangyç guýýan täze beket Lebap welaýatynyň ulag ulgamyna hyzmat düzüminiň üstüni ýetirdi. Ol Darganata etrabynda işe girizildi we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. AÝGB Türkmenabat-Gazojak gara ýolunyň ugrunda ýerleşýär we onda köpugurly hyzmatlar üçin mümkinçilikler döredilen.
Darganatada gurlan beket ýarym ýylyň içinde «Türkmennebitönumleri» hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň Lebap bölüminiň hünärmenleriniň guran awtomobillere ýangyç guýýan döwrebap täze ikinji bekedidir. Geçen ýylyň dekabrynda şeýle desga gündogar sebitiň Çärjew etrabynda ulanylmaga berlipdi.
Ýangyç guýýan döwrebap enjam bilen üpjün edilen AÝGB-nyň ýanynda awtomobillere tehniki hyzmat nokady, ätiýaçlyk şaýlar dükany hem bar.
Berdimyrat JUMAÝEW
Çeşme: Türkmenistan Altyn Asyr