Ýakynda talyp ýaşlaryň bilimlerini has-da çuňlaşdyrmak, olaryň ylma-bilime bolan höweslerini artdyrmak, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda 3-nji açyk matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 181-si we ilkinji gezek internet arkaly dünýäniň ylym-bilim taýdan ösen döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden talyplaryň 108-si gatnaşdy. Olimpiada iňlis dilinde alnyp baryldy. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan Agamyrat Seýitgulyýew 2-nji, Ýazmyrat Ataýew 3-nji baýrakly orna mynasyp boldular. Harby talyplar Myrat Garýagdyýew bilen Didar Hoşgeldiýew bolsa netijeli çykyşlary bilen tapawutlandylar. Olary bu olimpiada taýýarlamakda Harby institutyň takyk we tebigy ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Aşyr Aşyrow netijeli zähmet çekdi.
Çeşme: metbugat.gov.tm