Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň yglan eden “Zenanlar älem gözelligi” bäsleşiginiň jemi jemlendi. Iň gowy işleriň sergisi we ýeňijileriň hormatyna guralan dabara Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.
Baharyň ilkinji günlerinde merkeziň eýwany kiçiräk galareýa öwrüldi. Bu ýerde suratkeşleriň, skulptorlaryň, keramikaçylaryň, zergärleriň we halyçylaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri görkezildi. Işleriň ählisinde ylham beriji hökmünde zenanyň keşbi ör boýuna galýar. Özüne hem ussatlary, hem höwesjeňleri birleşdirip, bu bäsleşik ýürdüň häzirki zaman sungatynyň dürli-dürliligine baha bermäge şertleri döretdi.
Bäsleşikde görkezilen işler özleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişi, reňkleriň dürli-dürliligi, özboluşly aýanlygy we çeprçilik taýdan özbaşdaklylygy bilen tomaşaçylarda we emin agzalarynda uly täsir galdyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işleri arkaly täze görnüşleri gözleýmäge çalyşýandyklaryny, zenan keşbini ýokary derejede şahyrana beýan etmegi başarypdyrlar.
Bäsleşigiň jemi boýunça emin agzalary her bir görnüş surat çekmek, skulptura we keramika, zergärçilik sungaty, çeper surat we halk senetçilik sungaty boýunça ýeňijileriň bäşisini kesgitledi.