9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Žiwopis Eserlerinde Watan Rowaçlygy Wasp Edilýär

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde gurnalan tematiki sergi Watan temasyna bagyşlandy. Berdisähet Gurbansähedowyň “Çöl” atly suratynda buýsançly laçyn kuwwatly ganatlaryny ýaýyp çöl üstünde gaýyp ýör. Awtoryň pikirine görä, diňe düşünmeýänler çöl jansyzdyr we üýtgewsiz birboluşlydyr öýdýärler. Muňa subutnama hökmünde beýleki bir işinde elguşyň towşan awlaýşyny suratlandyrýar. Ýyrtyjy guşdan çalt gaçyp barýan towşan arçajyk şekilli yz galdyrypdyr. Olaryň haýsysynyňkynyň şowlandygyny welin nakgaş beýan etmändir. Çöle düşünmek gerek, şonda ol özi we goýnunda mekan tutanlar barada kän zat aýdar. Nakgaş çöle mahsus çalymtyl-mele reňkleri ulanyp, ýordumy realistik ruhda beýan edýär, ýöne ýordumyň dartgynlylygy ony beýleki işlerden tapawutlandyrýar. 

Nakgaş Natalýa Kalugina çöli başgaça beýan edýär. Onuň suratlarynda çöl sarymtyl-benewşe reňkde berlipdir. Natalýa Kaluginanyň suratlarynda dartgynly aw pursatlary duş gelmeýär. Onuň işleriniň gahrymany ejizje nahaljyk, ol bu uç-gyraksyz suwsuz-sölsüz meýdanda ýaşajak bolýar. Entek ol ýaş, naşyja, şol sebäplem dünýä gelenine begenip otyr. 

Çöl hakdaky suratlaryň ýanynda dag ýordumlary-da bar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Meret Gylyjowyň “Dag çeşmesi” suratynda nakgaşa mahsus usulda kert gaýa şekillendirilipdir, onuň göwsüni ýaryp arassa suw akyp dur. 

Merediň beýleki bir işi “Bahar” diýlip atlandyrylýar. Ýylyň ýaz pasly Köpetdagyň etegi has gözel görke gelýär, nakgaşlaram gülälekleriň haly kimin baýyrlary bezeşini, arassa mawy asmanyň gaýalara üýtgeşik röwüş berşini şekillendirmek üçin meýdana çykýarlar. Meret Gylyjowyň suratynda hem şolar beýan edilipdir. 

Babageldi Hojagulyýew ýedi işden ybarat suratlar tapgyrynda öz obadaşlary barada mähirli gürrüň berýär. Olary dostanalyk we ýagşylyga umytlar birleşdirýär. “Oglanjyklar” suratynda dört taýhary atlanan oglanlaryň bäşisi odun getirýärler. Olar ellerini galgadyp, haýsydyr bir zadyň gürrüňini edip, gülşüp barýarlar. Taýharlaryň ýöräp barýan ýeri dürli reňklerde berlipdir, bu bolsa surata gaýgysyz çagalyk döwrüne mahsus şatlyk duýgusyny çaýýar. 

“Gelin” suratynda-da şeýle tilsim ulanylypdyr. Oglanjyklardyr gyzjagazlar mähellesi ýetik toýa barypdyrlar. Hatda gügüjegem olara meňzejek bolup, epeý-epeý ädim urýar. Gelniň we onuň töweregindäkileriň daşyndaky dürli reňkli ýalpyldylar diňe bir maşgalanyň däl, eýsem tutuş obanyň durmuşyndaky bu bagtyýar pursada şaýatlyk edýär. 

Babageldi Hojagulyýewiň “Goja we guşlar” suratynda kepderilere iým berýän ýaşuly şekillendirilipdir. Gahrymanyň töweregi alagaraňkylyk, ýöne gojanyň hoşamaý ýylgyryşy, onuň eldekileşdirilen kepderilere mähirli garaýşy surata özboluşly nur çaýýar. 

Ýurdumyzyň žiwopisde wasp edilen gözel künjekleri, üýtgeşik manzarlary, göwnaçyk we myhmansöýer adamlar, ýüzi-gözi gülüp duran çagalar, özboluşly dessurlar we üstünlikleriň depginleri tomaşaçylara özboluşly lezzet berýär. 

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Prezidentimiz söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

syrach

Amyderýanyň Arnasynda Buýan Ýygnamak Möwsümi Başlandy