Gurban baýramynyň öň ýanynda beýik musulman mukaddeslikleri bolan Mekkä we Medinä haja gidilmegi mynasybetli paýtagtymyzdaky Ärtogrul Gazy metjidinde ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabatdan zyýaratçylaryň, şeýle hem pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda dindarlaryň maslahaty boldy. Onda haja gitmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Gurban baýramynyň döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygy alamatlandyrýan röwşen baýramdygy bellenildi. Şunda din wekilleri we zyýaratçylar milletiň baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan däp-dessurlary dikeltmegiň we aýawly saklamagyň, ýaş nesli türkmen halkynyň öçmez-ýitmez ruhy we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekdäki möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şu meseleleri çözmäge hemişe içgin üns berýändigi, zyýarata gitmegi guramaga we mukaddes hajy amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Ertir türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Türkmenhowaýollary döwlet milli gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar bilen Saud Arabystanyna ugrarlar.
Zyýarat wagtynda biziň ildeşlerimiz dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Mekkä we Medinä baryp görerler, mukaddes Käbä zyýarat ederler, Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň abadançylygy, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygy, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy barada dileg ederler.
Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylarynyň işini rowaç etsin!
Biziň watandaşlarymyzyň ähli doga-dilegleri Beýik Taňrynyň dergähinde kabul bolsun!